Sözleri içiňden gaýtalamak bilen olary sesli aýtmak bedende dürli fiziologik täsirleri döredýär. Ýaponiýaly alymlar sanlary sesli sananyňda göreçleriň has giňelýändigini we bu ýagdaýyň uzak dowam edýändigini anykladylar. Munuň özi nerw ulgamynyň işjeňlik derejesinde tapawudyň bardygyny hem görkezýär. Bu barada Earth.com neşiri habar berýär.
Tsukuba we Ritsumeýkan uniwersitetiniň alymlary 80 sany sagdyn talybyň gatnaşmagynda üç gezek tejribe geçirdiler. Gatnaşyjylar matematiki hasaplamalary käte sesli, käte bolsa içlerinden ýerine ýetirdiler. Şol wagtyň özünde, ýörite enjamlar olaryň göreçleriniň ölçeginiň üýtgemegini hasaba aldy.
Iň görnetin tapawut sanlary belli bir aralyk bilen sesli sanamakda ýüze çykypdyr. Bu ýagdaýda göreçler, takmynan, 0,4 millimetr giňelip, üýtgeşme 10 sekuntdan gowrak wagtlap saklanypdyr. Şol bir işi içinden ýerine ýetirende bolsa, göreçleriň giňelmegi gowşapdyr.
Netijeler ýerine ýetirilýän işiň görnüşine hem baglydyr. Meselem, gatnaşyjylar sanlary içlerinden yzygiderli sananlarynda, göreçleri dynç wagtyndakydan hem kiçeldi. Zatlary içinden sanamakda bolsa göze ilýän üýtgeşme bolmady. Emma öňki sana belli bir mukdary yzygiderli goşmak talap edilende, sözler sesli aýdylmasa-da, göreçler giňedi.
Ýapon dilindäki san aňlatmalaryny ulanyp, pişikleri sanamak boýunça geçirilen synagda hem tapawut ýüze çykdy. Gatnaşyjylar içlerinden ortaça 34-e çenli, sesli sananlarynda bolsa, takmynan, 30-a çenli sanap bilipdirler. Alymlaryň çaklamasyna görä, sözleri içiňden gaýtalamak yzygiderli gelýän sözleri has çalt işlemäge mümkinçilik berip biler.
Barlagyň awtorlary Rýuta Kuwamizu we Rýoiçi Watanabe sesli geplemegiň goşmaça tagallany talap edýändigini çaklaýarlar. Sebäbi adam sözleri aýtmak üçin gepleýiş agzalarynyň hereketlerini dolandyrmaly, dem alşyna gözegçilik etmeli we öz sesini eşitmeli bolýar. Içki gepleşik bolsa bedende beýle güýçli fiziologik üýtgeşmeleri döretmezden, ünsüňi jemlemäge kömek edip biler.
Alymlar içki sesiň adamyň gaýtalanyp durýan ynjalyksyz pikirlerine hem täsir edip biljekdigine ynanýarlar. Ýöne bu häzirlikçe diňe çaklama bolup galýar. Sebäbi geçirilen tejribeler diňe sanamak bilen bagly bolup, alymlara öz-özünden döreýän pikirler we adamyň içinden özi bilen gepleşýän wagtynda nerw ulgamynyň nähili täsirlenýändigini anyklamaga mümkinçilik bermeýär.