Biologlar ilkinji gezek tejribe arkaly möýleriň ukynyň aýratyn tapgyryna geçip bilýändigini tassykladylar. Bu döwürde olaryň aýaklary ýygrylýar we gözleriniň içindäki gurluşlar hereket edýär.
PNAS ylmy žurnalynda çap edilen barlag Awstraliýanyň Kwinslend ştatynyň tropiki tokaýlarynda ýaşaýan, ululygy 5–10 millimetre deň bolan Portia fimbriata görnüşli böküji möýleri öz içine aldy.
Alymlar infragyzyl kameralaryň kömegi bilen 10 sany möýüň hereketlerini synlap, olaryň dynç alşynyň gezekleşýän iki ýagdaýyny, ýagny uzak wagtlap hereketsiz galmak we gözleriniň hereket etmegi hem-de aýaklarynyň ýygrylmagy bilen häsiýetlendirilýän döwürleri ýüze çykardylar. Bir gijäniň dowamynda ortaça 11 sany şeýle döwür hasaba alyndy. Olaryň her biri, takmynan, 83 sekunt dowam etdi. Möýleriň gijeki dynç alşynyň umumy dowamlylygy bolsa 10,7 sagada deň boldy.

Ukynyň çuňlugyny barlamak üçin alymlar sesli duýduryş ulandylar. Netijede, oýa möýler ortaça 1,7 sekuntda, hereketsiz dynç alýan möýler 2,7 sekuntda, aýaklarynyň ýygrylmagy bilen häsiýetlendirilýän tapgyrdaky möýler bolsa 4,3 sekuntda jogap gaýtardylar. Soňky ýagdaýdaky dört möý 10 sekuntlap hiç hili jogap bermedi.
Gijeki dynç alyş miwe siňekleriniň kömegi bilen bilkastlaýyn bozulandan soň, möýleriň umumy uky wagty 8,5 göterim artdy. Aýaklarynyň ýygrylmagy bilen häsiýetlendirilýän döwürleriň sany 64,6 göterim, bu tapgyryň umumy dowamlylygy bolsa, takmynan, 80 göterim ýokarlandy.
Barlagyň netijeleri möýleriň ukusynyň içki mehanizmler arkaly düzgünleşdirilýändigini we olaryň ukynyň ýetmezçiliginiň öwezini dolup bilýändigini görkezýär. Şeýle-de bolsa, möýleriň düýş görýändigini häzirlikçe tassyklamak mümkin däl, sebäbi barlagyň çäginde olaryň nerw ulgamynyň işjeňligi ölçenip görülmedi.