Arheologlar Russiýanyň Irkutsk oblastynyň Olhon etrabyndaky Hužir-Nuge-IX arheologik ýadygärliginde uzynlygy 4,85 santimetre deň bolan balygyň kiçijik daş heýkeljigini tapdylar. Takmynan 7600 ýyl ozal ýasalan bu tapyndy mazaryň içinden ýüze çykaryldy.
Tapyndy sebitde şuňa meňzeş zatlaryň arasynda iň gadymysy hasaplanýar.
Alymlaryň çaklamalaryna görä, bu ýerlerde daşdan ýasalan balyk şekilleri ýyrtyjy balyklary tutmak üçin aldawaç hökmünde ulanylypdyr. Emma şeýle zadyň mazardan tapylmagy onuň diňe bir amaly maksat bilen däl, eýsem, simwolik manyda hem ulanylan bolmagynyň mümkindigini görkezýär. Heýkeljik merhumyň meşgullanan işi ýa-da jemgyýetdäki derejesini aňladyp, jaýlama dessurynyň bir bölegi hem bolup biler. Häzirki wagtda onuň anyk näme maksat bilen ulanylandygy belli däl.
Heýkeljik çal reňkli slanes daşyndan oýulyp ýasalypdyr. Onda balygyň arkasy, agzy we gözleri aýdyň şekillendirilipdir. Ortasyndan bolsa çuň halka şekilli joýa geçýär. Gözlegçiler bu joýanyň çeňňegiň ýüpüni we balyk tutmak üçin goşmaça enjamlary berkitmäge niýetlenen bolmagynyň ähtimaldygyny çaklaýarlar.
Mazarda jaýlanan adamlar, takmynan, 7–8 müň ýyl ozal Baýkalýaka sebitinde ýaşan, awçylyk we balykçylyk bilen meşgullanan Kitoý arheologik medeniýetiniň wekilleri bolupdyr. Merhum aýaklary epilen ýagdaýda sag gapdalyna ýatyrylypdyr we jaýlama dessury wagtynda gyzyl ohra ulanylypdyr. Balyk şekilli heýkeljikden başga-da, mazardan süňkden ýasalan gural we 12 sany daşdan ýasalan zat tapyldy.
Olhon etrabynda mundan ozal tapylan şuňa meňzeş zatlaryň ýaşy, takmynan, 7400 ýyl diýlip kesgitlenipdi. Täze tapyndy olardan 150–200 ýyl töweregi gadymy bolup çykdy.
Barlagyň netijeleri «Ýewraziýanyň antropologiýasy, arheologiýasy we etnologiýasy» atly ylmy žurnalda çap edildi.