ABŞ-nyň Nýu-Meksiko ştatyndaky Waýt-Sends milli seýilgähinde arheologlar 23,5 müň ýyldan 21,7 müň ýyla çenli ozal adamlaryň we haýwanlaryň galdyran aýak yzlaryny öwrendiler. Alymlar aýak yzlary saklanan çökündileriň 20 gatlagyny seljerip, şol döwürde Amerikanyň ilkinji ýaşaýjylarynyň nähili howa şertlerinde ýaşandygyny anykladylar. Munuň üçin ösümlikleriň tozgajyklary, mikroorganizmleriň gabyklary we organiki molekulalar öwrenildi.
Barlagyň netijeleri Science Advances ylmy žurnalynda çap edildi.

Barlagdan belli bolşuna görä, gadymy döwürde häzirki seýilgähiň ýerleşýän ýerinde Otsero atly çuň köl bolupdyr. Kölüň töweregini pürli tokaýlyklar gurşap, howanyň temperaturasy bolsa, häzirki döwür bilen deňeşdirilende, 4 gradus pes bolupdyr.
Wagtyň geçmegi bilen howa şertleri üýtgäp, pürli tokaýlyklaryň ornuny meşe agaçlary we ýowşan ösümlikleri tutupdyr, kölüň suwy bolsa kem-kemden çekilipdir. Takmynan, 23,2 müň ýyl ozal bu sebitde örän güýçli gurakçylyk bolup geçipdir. Kölüň suwy şorlaşyp, onuň töwereginde giň sähralar emele gelipdir.
Adamlaryň iň gadymy yzlary hut şu döwre degişlidir. Ilkinji göçüp gelen adamlar iki müňe golaý ýylyň dowamynda diýen ýaly bu köle yzygiderli baryp-gelip durupdyrlar. Şeýlelikde, olar tebigatyň ýiti üýtgeşmelerine üstünlikli uýgunlaşmagy başarypdyrlar.

Gözlegleriň wagtyny has takyk kesgitlemek üçin alymlar tohumlaryň we ösümlik tozgajyklarynyň ýaşyny anyklaýan radiokarbon seljermesini kämilleşdirdiler. Netijede, seneleri çaklamakdaky goýberilip bilinäýjek säwlik bäş esse azaldy.
Şonuň ýaly-da alymlar aýak yzlarynyň diňe belli bir tebigy şertleriň gabat gelmegi bilen saklanyp galýandygyny anykladylar. Ilki gurakçylyk ýeriň palçyk örtügini açypdyr. Soňra bolsa suw bu yzlaryň üstüni täze çökündi gatlagy bilen örtüp, olaryň pozulyp gitmeginiň öňüni alypdyr.
Nýu-Meksikoda tapylan bu yzlar örän ähmiýetli açyş bolsa-da, olar Amerika yklymynyň ilkinji ýaşaýjylarynyň yzlary bolman hem biler. Çünki mundan öň Meksikadaky Çikiuite gowagyndan ýaşy 33 müň ýyl diýlip çaklanylýan daş gurallary hem tapylypdy. Eger bu maglumatlar tassyklansa, Amerikanyň gadymy ilatynyň yklyma göçüp gelmeginiň taryhy häzirki çak edilişinden hem has gadymy bolup çykaýmagy ähtimal.