Mukam Ekäýew YAHA-nyň ylmy geňeşine kabul edildi

Düýn, 17:222,335
1 / 3

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň nanotehnologiýa we materiallary öwreniş kafedrasynyň müdiri Mukam Ekäýew Ylymlar akademiýalarynyň halkara assosiasiýasynyň (YAHA) täze materiallar boýunça ylmy geňeşiniň düzümine doly hukukly agza hökmünde kabul edildi.

Mukam Ekäýew 14–16-njy oktýabr aralygynda Minsk şäherinde geçirilen Belarusyň senagat-innowasion forumynyň ylmy çärelerine gatnaşdy.

Onuň agza hökmünde kabul edilmegi baradaky degişli çözgüt 16-njy oktýabrda Belarusyň Milli ylymlar akademiýasynda geçirilen ylmy geňeşiň mejlisiniň çäginde türkmen alymynyň kandidaturasyna seredilmegiň netijeleri boýunça biragyzdan kabul edildi. Mejlisiň dowamynda geňeşiň işini guramak, sanly materiallary öwreniş, polimer we kompozision materiallar, metallurgiýa, poroşok metallurgiýasy we additiw tehnologiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlyk ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Saparynyň dowamynda Mukam Ekäýew Belarusyň Milli ylymlar akademiýasynyň diwanynyň ýolbaşçysy, akademik Pýotr Witýaz we Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň wise-prezidenti, akademik Sergeý Aldoşin bilen duşuşyklar geçirdi. Söhbetdeşler täze materiallar we nanotehnologiýalar ulgamynda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegini ara alyp maslahatlaşdy. Hormatyň we dostlugyň nyşany hökmünde görnükli alymlara türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň kitaplary sowgat berildi.

Mundan başga-da, türkmen alymy «TehInnoProm» halkara sergisiniň we «Belarus Respublikasynda additiw tehnologiýalary ösdürmegiň geljegi» atly halkara simpoziumyň işine gatnaşdy. Olaryň çäginde geçirilen duşuşyklarda Hytaýyň, Belarusyň we Russiýanyň öňdebaryjy ylmy edaralarynyň we önümçilik kompaniýalarynyň wekilleri bilen bilelikdäki taslamalaryň hem ylmy-tehniki işleriň ugurlary kesgitlendi.

Bu iş sapary Türkmenistanyň ylym-bilim we tehnologik kuwwatyny halkara derejede ösdürmekde möhüm goşant boldy.