Astronomlar soňky döwür Ýeriň ýaşaýyş üçin beýle bir amatly planeta däldigi hakdaky pikiri öňe sürýärler. Şonuň üçin olar ýaşaýşyň Ýerdäkiden-de uzak dowam edip, dürli görnüşlerde ösüp biljek «has oňaýly dünýäni» — planetalary gözleýärler. The New York Times neşiriniň «Other Worlds» atly bölüminde çap edilen Natali Wolçoweriň makalasynda hem şu mesele baradaky garaýyşlar beýan edilýär.
Aslynda, bu pikir 2010-njy ýyllarda ýüze çykypdy. Şol döwürde alymlar Ýere meňzeş planetalary, ýagny Güne meňzeş ýyldyzlaryň daşyndan aýlanýan, suwly hem daşly planetalary gözlemek başlangyjynyň ylmy esaslardan-da beter köpçüligiň öz dünýäsine mahsus garaýyşlara daýanýandygyny belläpdiler.
Maks Plank institutynyň astronomy Rene Heller bilen Weber uniwersitetiniň alymy Jon Armstrong 2014-nji ýylda bir çaklamany öňe sürdüler. Oňa görä, ýaşaýyş üçin iň amatly dünýä Ýerden 20–30 göterim uly we massasy iki esse agyr bolan «super Ýer» bolup biler. Şeýle planeta ýalpak deňizler we adalar bilen örtülen bolmaly. Güýçli agyrlyk güýji onuň galyň atmosferasyny saklamaga we howa şertleriniň durnukly bolmagyna ýardam edýär. Demirden ybarat uly ýadrosy bolsa kosmosdan gelýän zyýanly şöhlelenmelerden goraýan güýçli magnit meýdanyny döredýär.
Şeýle planetalaryň daşyndan aýlanmagy üçin iň amatly ýyldyzlar K synply mämişi girdenekler hasaplanýar. Olar Günden sowuk bolup, ýangyjyny ondan has haýal sarp edýärler we onlarça milliard ýyllap durnukly şöhle saçýarlar. Deňeşdirip aýtsak, Günüň ömrüniň tamamlanmagyna, takmynan, bäş milliard ýyl galypdyr. Şol sebäpli-de ýene ýarym milliard ýyl töweregi wagtdan soň, Ýer çylşyrymly ýaşaýyş üçin ýaramsyz bolup biler.
Astrobiolog Iwa Wilowiç şeýle ýyldyzlaryň ýagtylygynyň ösümliklere nähili täsir edýändigini-de barlady. Ol Berlindäki barlaghanada K synply ýyldyzyň ýagtylygyny şekillendirýän çyranyň aşagynda kres-salat ösümligini ösdürdi. Netijede, ösümlik Günüň ýagtylygynda ösendäkisinden hem çalt ösdi we gowy boý aldy.
Bu çaklamany barlamaga täze teleskoplar kömek eder. Ýewropa kosmos agentliginiň 2027-nji ýylda uçurmagy meýilleşdirilýän PLATO missiýasy, Hellaryň çaklamasyna görä, şeýle planetalaryň on-ýigrimä golaýyny ýüze çykaryp biler. Emma olaryň aýratynlyklary barada giňişleýin maglumat berip bilmez.
Has çuňňur gözegçilikleri geçirmäge «Jeýms Webb» kosmos teleskopy, Çilide gurulýan aýnasynyň diametri 39 metre deň bolan Örän äpet teleskop hem-de NASA-nyň 2040-njy ýyllarda kosmosa ibermegi meýilleşdirýän Habitable Worlds Observatory atly orbital obserwatoriýasy mümkinçilik berer.
Iwa Wilowiçiň bu babatda umydyny gizlänok:
«Älemiň çägini göz öňünde tutup, statistik taýdan seredenimizde-de, onda ýaşaýşyň bolaýmagy juda ähtimal. Bu, aýratyn-da, ýaşaýyş üçin aşa amatly planetalar babatda şeýledir».