Bütindünýä wagty üýtgedildi: indi ol Ýeriň aýlanma tizligine bagly bolmaz

Şu gün, 11:573,259

Ölçegler we agramlar boýunça baş konferensiýa Bütindünýä utgaşdyrylan wagt (UTC) ulgamynda goşmaça sekuntlary ulanmakdan ýüz öwürmek kararyna geldi. Indi her gezek sekunt goşmagyň ýerine, wagty çaprazlyk diňe bir sagada ýeteninde düzetmek göz öňünde tutulýar.

Täze düzgün 2027-nji ýylyň 20-nji maýynda — Bütindünýä metrologiýa güni güýje girer.

Scientific American neşiriniň bellemegine görä, alymlar 1972-nji ýyldan bäri Ýeriň aýlanma tizliginiň haýallamagynyň öwezini dolmak üçin atom wagtyna wagtal-wagtal goşmaça sekunt goşup gelýärler. Şondan bäri UTC wagt ulgamyna jemi 27 goşmaça sekunt girizildi.

Emma wagty sekuntlaýyn düzedişler arkaly sazlamak sanly ulgamlarda çynlakaý kynçylyklary döredip, enjamlaryň işinde näsazlyklaryň ýüze çykmagyna we wagt görkezijileriniň biri-birine gabat gelmezligine sebäp boldy.

Soňky döwürde Ýeriň aýlanma tizliginiň artmagy ýagdaýy has-da çylşyrymlaşdyrdy. Şol sebäpli taryhda ilkinji gezek wagt ulgamyndan bir sekundy aýyrmak zerurlygy ýüze çykdy, bu bolsa tehniki ulgamlarda giň möçberli näsazlyklara sebäp bolup bilerdi.

Täze düzgün boýunça atom wagty bilen Ýeriň aýlanmagyna esaslanýan wagtyň arasyndaky rugsat berilýän tapawut bir sagada, ýagny 3 600 sekunda çenli artdyrylar. Alymlaryň çaklamalaryna görä, şeýle usul bilen wagty düzetmek zerurlygy ýüzlerçe, hatda müňlerçe ýylda bir gezek ýüze çykyp durýan ýagdaýam däl.

Wagt we ýygylyk boýunça maslahat beriş komitetiniň prezidenti Noel Dimark bu karary 30 ýyl dowam eden jedellerden soň gazanylan taryhy ädim diýip atlandyrdy.