OpenAI kompaniýasy köpçülige entek elýeterli edilmedik täze emeli aň modeliniň ýüzlerçe çylşyrymly matematiki meseläni çözendigini mälim etdi. Kompaniýa 6-njy oktýabrda GitHub platformasynda 372 sany özara baglanyşykly matematiki çözgütleriň we subutnamalaryň toplumyny çap etdi. Bu bolsa matematika jemgyýetinde täze aladalaryň döremegine we jedelleriň güýçlenmegine sebäp boldy.
OpenAI-yň maglumatyna görä, modeli synagdan geçirmek üçin oňa 4000-e golaý mesele hödürlenipdir. Kompaniýa degişli temalar boýunça ylmy işlere salgylanmalary hem goşdy we emeli aňyň 10 meseläni pikir ýöretmek arkaly nähili çözendigini gysgaça düşündirdi. Şeýle etmek bilen, kompaniýa alymlaryň ozalky bildirýän nägileliklerine jogap bermäge synanyşdy. Ol nägilelikler bolsa kompaniýanyň million dollar baýragy göz öňünde tutulan ýedi sany «Müňýyllygyň meselesiniň» biri bolan Nawýe–Stoks deňlemelerini çözendigi baradaky öňki beýanatyndan soň ýüze çykypdy.
Täze netijeler dürli garaýyşlary döretdi. Matematikleriň köpüsi OpenAI-y ylmy işlerde kabul edilen kadalary äsgermezlikde tankytlasalar, olaryň käbiri hödürlenen çözgütleriň içgin barlanmagynyň tarapdary bolup çykyş edýär. Birnäçe barlagçylar welin, tersine, emeli aňyň täze mümkinçilikleriniň ylym üçin uly geljegi açýandygyny belleýär.
Ýeri gelende bellesek, garaşsyz maslahat beriş topary AGMAI biraz wagt mundan öň kompaniýadan emeli aň modellerini açyk matematiki meseleler boýunça synagdan geçirmegi bes etmegi haýyş edipdi.
Bu ýagdaý Ženewa uniwersitetiniň professory, 2022-nji ýylyň Filds baýragynyň eýesi, faza geçişleriniň kanunalaýyklyklaryny öwrenýän Ugo Dýuminil-Kopene aýratyn ýokuş degdi. Çünki täze netijeler onuň ylmy barlaglary bilen baglanyşykly onlarça işe täsir edipdir.

«Bir gün bizden öňe geçiljekdigini we munuň yzygiderli boljakdygyny bilýärdim. Ýöne düýnki habarlar meniň garaşyşymdan has güýçli täsir etdi. Olaryň arasynda özümiň öwrenen meselelerim bilen baglanyşykly onlarça ylmy iş bar. (...) Bu örän uly sarsgyn boldy. Men näme etjegimi bilmän galdym. Ertir bir çykalga taparys. Biz hünärimizi täzeden gözden geçireris. Biz — kynçylyklara döz gelýän jemgyýet. Biziň muňa uýgunlaşjakdygymyza şübhelenmeýärin. Ýöne edil häzir muňa ýeterlik güýjüm ýok. Geçen ýyllary we şol ýyllarda duşan adamlarymy ýatlaýaryn... Kärdeşlerim, talyplarym hakda pikir edýärin... Olara näme diýjegimi bilmerin öýdüp gorkýaryn» diýip, matematik ýazdy.
Dýuminil-Kopen ozal hem neýroulgamlaryň ylmy netijeleriň gazanylmagyny çaltlandyryp biljekdigini, ýöne şol bir wagtyň özünde ylmy gözleg işiniň öz ähmiýetini ýitirmegine sebäp boljakdygyny duýdurypdy. Onuň aýdyşy ýaly, alymlara täze pikirleriň üstüni açmaga, ylmy barlaglaryň täze ugurlaryny ösdürmäge we talyplary özbaşdak işe gözükdirmäge diňe bir üstünlikli netijeler däl, eýsem, çözgüt tapmak ugrunda edilýän şowsuz synanyşyklar hem ýardam edýär.
Fransiýanyň Matematika jemgyýetiniň ylmy maslahatynda çykyş eden alym öz duýduryşlarynyň we kärdeşleriniň ýüzlenmeleriniň tehnologiýa kompaniýalaryna täsir etmändigini aýtdy. Onuň belleýşine görä, OpenAI özüniň tanyşdyryş çykyşlarynda, ylmy makalalarynda we grant almak üçin taýýarlan arzalarynda agzap geçen meseleleriniň ählisini çözüpdir.
«Ylmy barlaglarymyň ähli ugrunyň eýýäm öwrenilmegi, meni öň görlüp-eşidilmedik ýagdaýa saldy» diýip, Dýuminil-Kopen gürrüň berýär.