Alymlar homýagyň we gyzyl suwotularynyň öýjüklerini birleşdirdiler

Şu gün, 17:37363

Tokio uniwersitetiniň biologlary we olaryň kärdeşleri homýagyň gyzyl suwotularynyň genetiki materialyny saklamaga we nesillerine geçirmäge ukyply öýjüklerini döretdiler. Nature Communications žurnalynda çap edilen barlagda saýry DNT-niň öýjük setirinde 150 nesilden hem gowrak wagtyň dowamynda galandygy bellenilýär.

Synagda alymlar homýagyň öýjükleriniň ösüntgisini bir öýjükli gyzyl suwotulary bilen birleşdirdiler. Soňra haýwan öýjükleriniň hromosomalarynda suwotularyň genomynyň bölekleri ýüze çykaryldy. Netijede, dörän öýjükler bölünmegini dowam etdirdi we olaryň nesilleri hem suwotularyň genomynyň hemmesini diýen ýaly saklap galdy.

Şeýle-de bolsa, saýry DNT-nyň bolmagy öýjükleriň ýagtylyk energiýasyny ulanmak ukybyny gazanandygyny aňlatmaýar. Barlagçylar suwotularyň belok kodlaýjy genleriniň diňe, takmynan, 4%-inde işjeňlik alamatlarynyň bardygyny anykladylar. Şeýlelik bilen, genetiki material öýjük bölünişi wagtynda saklanyp galýar we geçirilýär, ýöne onuň genleriniň köpüsi hiç hili işjeňlik görkezmeýär.

Bu iş alymlara saýry genleriň beýleki organizmleriň öýjüklerinde nädip saklanyp galyp biljekdigine has gowy düşünmäge kömek eder. Barlagçylar dürli görnüşleriň bile ýaşap bilýändiginiň tebigy nusgalaryndan ylham aldylar. Şeýle prosesler ewolýusiýada möhüm orny eýeläpdir: ylmy nazaryýetleriň birine görä, ösümlik hloroplastlary beýleki öýjükleriň içine ornaşyp, ahyrsoňy olaryň bir bölegine öwrülen gadymy bakteriýalardan döräpdir.