Maýami uniwersitetiniň alymlary turşy tagamyň näme üçin beýleki tagamlary duýşuňy gowşadýandygyny anykladylar. Syçanlarda geçirilen tejribeler bu täsiriň tagam reseptorlaryndaky öýjükleriň bölüp çykarýan serotonin maddasy bilen baglanyşyklydygyny görkezdi.
Barlagyň netijeleri The Journal of Neuroscience žurnalynda çap edildi.
Synaglaryň dowamynda haýwanlara aýratynlykda we dürli yzygiderlilikde esasy tagamlar — turşy, ajy, süýji we duzly suwuklyklar berildi. Alymlar kalsiý wizuallaşdyrma usuly arkaly tagam reseptorlaryndan beýnä maglumat geçirýän dyz şekilli düwnüň neýronlarynyň işjeňligine gözegçilik etdiler.
Netijede, turşy tagamyň beýleki tagamlar baradaky signallaryň merkezi nerw ulgamyna geçirilmegini peseldýändigi ýüze çykaryldy. Bu täsiriň diňe dil bilen beýniniň arasynda maglumat geçirýän aýry-aýry neýron toparlarynda däl-de, has giň derejede ýüze çykýandygy anyklandy.

Täsiriň her bir tagam reseptoryndaky öýjükleriň bir topary tarapyndan bölünip çykarylýan serotonin bilen baglydygy belli boldy. Alymlar bu maddanyň täsirini goşmaça barlamak üçin haýwanlara serotonini daşyndan goýberdiler we onuň täsirini bökdediler.
«Tagam reseptorlary diňe bir tagam birikmelerine täsir edip, olar baradaky maglumatlary geçirmek bilen çäklenmän, eýsem signallary beýnä ibermezden ozal, olary birleşdirýär we gaýtadan işleýär. Bu signallary ýygnaýan neýronlar iki esasy topara: lezzet bilen baglanyşykly signallary geçirýänlere we ýakymsyz tagamlar baradaky signallary geçirýänlere bölünýär» diýip, barlagyň ýolbaşçysy professor Stiwen Roper düşündirýär.
Alymyň bellemegine görä, alnan netijeler geljekde bu neýronlaryň «genetik aýratynlyklaryny» we degişli genleriň işjeňligini üýtgetmek arkaly tagamyň kabul edilişine täsir etmek mümkinçiligini öwrenmek üçin esas bolup biler.