Anthropic kompaniýasynyň işgäri, matematik Lewent Alpýoge emeli aňyň Claude modeli bilen bilelikde Rimanyň gipotezasynyň subutnamasyny tapandygyny mälim etdi. Bu mesele matematika ylmynyň iň çylşyrymly ýedi meselesiniň biri hasaplanýar diýip, Scientific American neşiri habar berýär.
Subutnama matematiki çözgütleri resmi görnüşde ýazmaga we barlamaga mümkinçilik berýän Lean dilinde taýýarlanyldy. Indi ol garaşsyz hünärmenler tarapyndan seljeriler.
Bu gipotezany 1859-njy ýylda nemes matematigi Bernhard Riman öňe sürüpdi. Ýönekeý sanlaryň paýlanyşy bilen baglanyşykly bu çaklama matematika ylmynyň henize çenli çözülmedik iň möhüm meselesi hasaplanýardy.
2000-nji ýylda Kleý matematika instituty bu meseläni «Müňýyllygyň ýedi meselesiniň» sanawyna girizip, her biriniň çözgüdi üçin 1 mln dollar baýrak yglan edipdi. Şu wagta çenli şol meseleleriň diňe biri — Puankare gipotezasy resmi taýdan çözüldi. Ony rus matematigi Grigoriý Perelman subut etdi.
Bu habar emeli aňyň ylmy mümkinçilikleri baradaky çekişmeleriň güýçlenen döwründe peýda boldy. 2026-njy ýylyň güýzünde OpenAI hem özüniň EA agentleriniň Nawýe–Stoks deňlemelerine degişli başga bir müň ýyllap kelle döwdüren meselesini çözendigini habar beripdi. Emma ylmy jemgyýetçilik bu netijäni henizem garaşsyz barlagdan geçirenok.
Hünärmenleriň pikiriçe, eger Anthropic-iň işgäriniň öňe süren subutnamasy garaşsyz barlagdan üstünlikli geçip bilse, onda onuň soňky döwrüň iň uly matematiki açyşlarynyň birine öwrüläýmegi ähtimal.