Antalýada COP31 geçýän mahaly «Troýa aty» peýda boldy: Içinden näme çykandyr öýdýäňiz?

Düýn, 18:265,656
1 / 2

Antalýanyň Konýaalty etrabynyň häkimliginiň binasynyň öňünde içinden plastik galyndylar dökülip duran alty metrlik agaçdan ýasalan «Troýa aty» görnüşindäki installýasiýa peýda boldy. Bu barada Euronews habar berýär.

Bu sungat desgasy polimerler bilen hapalanma meselesine hem-de olaryň önümçiligini artdyrýan nebitgaz kompaniýalaryna ünsi çekmek maksady bilen, COP31 maslahatynyň öňüsyrasynda «Greenpeace» ekologiýa guramasy we daniýaly suratkeş Tomas Dambo tarapyndan bilelikde döredildi.

Global plastik meselesine ünsi çekmek üçin Troýa atynyň saýlanylmagynyň simwolik manysy bar. Gadymy grek mifologiýasynda bu atyň kömegi bilen grekler Troýa şäherine bildirtmän girip, ony içinden basyp alýar.

Guramanyň wekili Berk Butanyň aýtmagyna görä, bu heýkel plastigiň «Troýa aty» ýaly adamzadyň gündelik durmuşyna bildirmän aralaşyp, daşky gurşawa we ýaşaýşa howp salýandygyny görkezmäge gönükdirilendir.

Konýaaltynyň häkimi Jem Kotan açylyş dabarasynyň dowamynda bu sungat desgasynyň Antalýadaky COP31 maslahatynyň hem ýokary derejeli wekilleri, hem dünýä jemgyýetçiligi üçin uly seslenme döredýän çagyryşdygyny we onuň maksadynyň hapalanma meselesine garşy hakyky çäreleriň görülmegine, polimerleriň önümçiligini azaltmagyň we gazylyp alynýan ýangyçlaryň ulanylmagy bilen baglanyşykly galyndylary gyssagly çäklendirmegiň zerurlygyna ünsi çekmekdigini belledi.