«Gürgenç gözeli Törebeg» filmi 3–7-nji noýabr aralygynda geçirilen Türki dünýäsiniň «Gorkut ata» atly VI halkara kinofestiwalynda TÜRKSOÝ-yň ýörite baýragy bilen sylaglandy. Festiwal Stambul şäheriniň Atatürk Medeniýet merkezinde baýrak gowşurylyş dabarasy bilen tamamlandy.
Festiwalyň çäginde doly göwrümli çeper, dokumental we gysga göwrümli filmler tomaşaçylara görkezilip, halkara eminler topary tarapyndan degişli talaplar esasynda baha berildi.

Festiwalyň doly göwrümli çeper film bäsleşiginde Türkmenistandan režissýor Wepa Işangulyýewiň «Gürgenç gözeli Törebeg» atly filmi TÜRKSOÝ-yň ýörite baýragyna mynasyp boldy.
Festiwal 150-den gowrak daşary ýurtly myhmany we türk kino pudagynyň 300 wekilini bir ýere jemledi. Maksatnama 56 film girip, şolardan 30-ysy üç kategoriýada baýrak üçin bäsleşdi. «Iň gowy film» baýragyny režissýor Ensar Altaýyň «Kanto» filmi aldy.

Dokumental filmleriň bäsleşiginde birinji orny Ýakutiýadan «Ysyýah» filmi eýeledi. Gysga göwrümlileriň arasynda bolsa «Ýolbelet» (Rehber) türk filmi ýeňiji boldy.
Festiwalyň ýapylyş dabarasynda Ankaranyň «Türki dünýäsiniň syýahatçylyk paýtagty» ady geljek ýyl üçin resmi ýagdaýda Daşkende geçirildi.