Betmeniň motosikli auksiona çykaryldy

Düýn, 20:062,834
1 / 5

Kristian Beýliň keşbini ýerine ýetiren Betmeniniň Gotem şäheriniň köçelerinde süren meşhur «Batpod» motosikli satylar.

Kristofer Nolanyň «Gara rysar» (The Dark Knight) we «Gara rysaryň galkynmagy» (The Dark Knight Rises) filmleriniň düşürilişinde ulanylan hakyky motosikl Londondaky «Propstore» auksionyna çykaryldy. Oňa 450 müň funt sterlingden 900 müň funt sterlinge çenli baha kesildi diýip, CNN habar berýär.

Filmleri düşürmek üçin şeýle motosiklden bary-ýogy alty sanysy döredildi. Söwda çykarylan bu nusga aýratyn gymmata eýe, sebäbi ol Warner Bros. studiýasy tarapyndan hususy kolleksiýa satmak üçin resmi taýdan çykarylan ýeke-täk motosikldir.

«Batpod» motosikliniň dizaýnyny we gurluşyny işläp taýýarlamak bilen Kristofer Nolan, goýujy-hudožnik Neýtan Krouli hem-de wizual effektler boýunça hünärmen Kris Korbuld meşgullandy. Ulag serişdesi 750 kub santimetr göwrümli Honda hereketlendirijisi we 31 dýuýmlyk uly tigirler bilen üpjün edildi.

Motosikliň gurluşynyň üýtgeşikdigi sebäpli, ony dolandyrmak, hatda hünärmen kaskadýorlar üçin hem kyn boldy.

Propstore auksionynyň esaslandyryjysy Stiwen Leýniň aýtmagyna görä, film düşürilende motosikl birnäçe gezek dolandyryşy ýitirdi we hatda bir gezek kamera baryp uruldy.

Propstore auksiony 2026-njy ýylyň 4–6-njy dekabry aralygynda geçiriler. «Batpod» motosiklinden başga-da, kolleksionerlere meşhur filmlerden we seriallardan 1400-den gowrak lot hödürlener.

Olaryň arasynda Kristian Beýliň we Wel Kilmeriň ýerine ýetirmegindäki Betmeniň geýen hakyky geýimleri, «Indiana Jons» franşizasyndan rekwizitler, şeýle hem «Tagtlaryň oýny» serialyndaky Jon Snouwyň «Uzyn Dyrnak» (Longclaw) gylyjy bar.