Robert Pattinson we Nikolas Holt Jeýms Bonduň keşbini janlandyrmak üçin esasy dalaşgärleriň hataryna goşuldylar. The Hollywood Reporter neşiriniň maglumatyna görä, britaniýaly aktýorlaryň ikisi-de 007 belgili agentiň keşbi üçin geçirilýän soňky synaglara gatnaşýarlar.
Mundan öň dalaşgärleriň arasynda Jek Lauden, Joş O’Konnor we Kallum Törner ýaly aktýorlaryň atlary agzalypdy. Deadline neşiriniň ýazmagyna görä, täze Bonduň keşbini ýerine ýetirjek aktýoryň ady noýabr aýynyň ahyryna çenli yglan edilip bilner. Amazon kompaniýasy we Jeýms Bond baradaky 26-njy filmiň prodýuserleri aktýor saýlamak işi barada häzirlikçe hiç hili düşündiriş bermediler.
Aktýorlary saýlamak işi ýaz paslynda başlandy. Prodýuserler Emi Paskal we Dewid Heýman režissýor Deni Wilnýow bilen bilelikde birnäçe aýlap dalaşgärleri gözden geçirensoňlar iň soňky sanawy düzdüler. Iň soňky synaglar oktýabr aýynyň başyna meýilleşdirilipdi, emma aktýorlaryň iş tertibiniň ýygylygy sebäpli, olar aýyň ahyryna geçirildi.
Bond baradaky filmleriň iň soňkusy 2021-nji ýylda çykan «Ölmegiň wagt däl» (No Time to Die) filmi boldy. Režissýor Keri Fukunaganyň surata düşüren bu filmi dünýä prokatynda 774 million dollardan gowrak girdeji gazandy we Daniel Kreýgiň 007 belgili agentiň keşbinde çykyş eden iň soňky filmi boldy.