Nolanyň «Odisseýa» filmi IMAX-yň taryhynda iň köp girdeji gazanan kino boldy

Şu gün, 16:401,976

Kristofer Nolanyň «Odisseýa» filmi dünýä prokatynda 1,8 milliard dollar girdeji gazanyp, IMAX kinoteatrlar ulgamynyň taryhynda iň köp girdeji gazanan filme öwrüldi. Bu barada «Variety» neşiri habar berýär.

Girdejiniň 550 million dollardan gowragy IMAX kinoteatrlarynda gazanyldy. Bu bolsa filmiň dünýä boýunça toplan girdejisiniň, takmynan, 30 göterimine deňdir. Filmiň üstünligi kompaniýanyň 2026-njy ýylyň üçünji çärýegini rekord maliýe görkezijileri bilen tamamlamagyna ýardam berdi.

Iýul–sentýabr aýlarynda IMAX ulgamynyň dünýä boýunça kassa ýygymy 712 million dollara ýetdi. Bu 2025-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 94 göterim köpdür. Kompaniýanyň girdejisi 64 göterim artyp, 175 million dollara, arassa peýdasy bolsa 22,6 million dollardan 117,1 million dollara ýetdi.

«Odisseýa» IMAX ulgamynyň öňki rekordynyň eýesi bolan Jeýms Kameronyň «Awatar» filminden hem öňe geçdi. 2009-njy ýylda ekranlara çykan «Awatar», inflýasiýany hasaba almazdan, bu ulgamda 271 million dollar girdeji gazanypdy.

«Odisseýa» filminiň esasy aýratynlyklarynyň biri onuň tutuşlygyna IMAX-yň kinoplyonkaly kameralarynda düşürilmegidir. Ozal beýleki iri taslamalarda bu tehnologiýa, esasan, diňe käbir sahnalary surata düşürmek üçin ulanylýardy.

Üçünji çärýekde IMAX ulgamynda iň köp girdeji gazanan beýleki filmleriň hatarynda «Möý adam: Täze gün», «Ýamanlygyň mesgeni» we «Ar alyjylar: Final» filmleriniň gaýtadan prokata çykarylan görnüşi hem bar.

2026-njy ýylyň başyndan bäri IMAX dünýä boýunça 100-den gowrak täze ulgama ylalaşyk baglaşdy. Kompaniýa, ýylyň jemleri boýunça, dünýäde kassa ýygymynyň ozalky çaklanylan 1,4 milliard dollardan hem geçmegine garaşýar.

«Odisseýa» filmi sanly platformalara 17-nji noýabrda çykar.