Jeýson Stethem londonly jenaýatçylardan ar alar: aktýor Gaý Riçiniň täze filminde düşer

Şu gün, 09:40903

Britaniýaly aktýor Jeýson Stethem režissýor Gaý Riçiniň «Dogfight» atly täze filminde baş keşbi ýerine ýetirer. Bu aktýor bilen režissýoryň bilelikdäki ýedinji taslamasy bolar diýip, The Hollywood Reporter neşiri habar berýär.

Filmi surata düşürmeklige 2027-nji ýylyň başynda girişiler.

Bu Londonyň jenaýat dünýäsinde bolup geçýän wakalar barada gürrüň berýän, özboluşly stili bilen tapawutlanýan ar alyş temaly söweş filmi hökmünde häsiýetlendirilýär.

Filmi Black Bear, Toff Guy Films we Punch Palace kompaniýalary bilelikde surata düşürer. Ol Netflix striming platformasynda görkeziler. Gaý Riçi filmiň ssenarisini ýazmak bilen birlikde Jeýson Stethem, Aýwan Atkinson hem-de Jon Fridberg bilen bilelikde prodýuser hökmünde hem çykyş eder.

Şol bir wagtyň özünde, Riçi Rozamund Paýk, Benedikt Kamberbetç, Jeýms Norton we Entoni Hopkins ýaly aktýorlaryň gatnaşmagynda surata düşürilen «Keýwany we köpek» atly jenaýat temaly trilleriň görkezilişine taýýarlanýar. Bu filmiň dünýä boýunça ilkinji görkezilişi 2027-nji ýylyň 19-njy fewralynda geçiriler.