Amerikaly pensioner kinoteatrda bir ýylda 1 207 film görüp, rekord goýdy

Şu gün, 08:181,074
1 / 2

ABŞ-nyň Pensilwaniýa ştatynda ýaşaýan 60 ýaşly Glenwud Hoskin-kiçi kinoteatrda bir ýylyň dowamynda 1 207 film görüp, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Ol ortaça hasap bilen günde üçden gowrak filme tomaşa edipdir.

Rekordçy 2024-nji ýylyň aprel aýyndan 2025-nji ýylyň aprel aýyna çenli Ýork-Heýwen şäherindäki kinoteatra baryp, filmlere tomaşa edipdir. Mümkin boldugyça köp film görmek üçin, Hoskin öňünden görkeziliş tertibini öwrenip, iň irki seanslara gelipdir we ýarygijä çenli kinoteatrda galypdyr.

«Öýden çykyp, wagtymy gyzykly geçirmek maňa diýseň ýaraýardy. Şonuň ýaly-da, men özüme kynçylyk döretmegi we öňümde maksat goýmagy halaýaryn. Tertip-düzgüni halamsoň, öňünden meýilnama taýýarlap, şoň bilen hereket etmek maňa lezzet berýär» diýip, ol gürrüň berýär.

Mundan öňki rekord hem başga bir amerikaly Zakariý Swoupa degişlidi. Ol bir ýylyň dowamynda 777 filme tomaşa etdi. Hoskin bolsa aýda 28 dollar tölegli abuna ýazylmak arkaly bu görkezijiden öňe geçmegi başardy. Bu abuna oňa kinoteatrda isledigiçe, tä özi ýadaýança film görmäge mümkinçilik beripdir.

Filmlere tomaşa etmek bilen bagly bu uzak marafon döwründe Hoskin ýanyna öýde taýýarlan naharyny-da alyp gidipdir. Ol filmleriň arasyndaky arakesmelerde garbak-gurbak edinip, kinoteatryň töwereginde gezmeläpdir, hatda bedenterbiýe maşklaryna hem wagt tapypdyr. Onuň bilen dostlaşan kinoteatr işgärleri bolsa filmleriň dowamlylygyny anyklamaga we tomaşa tertibini düzmäge kömek edipdirler.

Hoskiniň aýtmagyna görä, käbir filmler onda garaşylmadyk ýakymly täsirleri döredipdir. Hususan-da, «Ýabany robot» multfilmi we «Dedpul we Rosomaha» filmi onuň göwnünden turupdyr.
Rekordçy, esasan, multfilmleri we komediýa žanryndaky filmleri halaýar.