Kaliningradda dünýäde iň uzyn ýantar gulakhalka döredildi

Şu gün, 10:001,913
1 / 3

Kaliningrad ýantar kombinatynyň («Rosteh» döwlet korporasiýasynyň «RT Finans» holdinginiň düzümine girýär) hünärmenleri dünýäde iň uzyn gulakhalkany öz içine alýan şaý-sep toplumyny döretdi. Bu barada kärhananyň metbugat gullugy habar berýär diýip, TASS ýazýar.

Gulakhalkanyň uzynlygy rekord 63 sm barabar bolup, bu baltika daşyndan ýasalan şuňa meňzeş beýleki bezeg önümlerinden iki esse uzyndyr. Kärhananyň habarynda bellenilişi ýaly, ozal hiç kim ýantardan uzynlygy 30 sm-den geçýän gulakhalkany döredip bilmändi.

Şaý-sep toplumy bu gulakhalka bilen uzynlygy 23 sm bolan ýene bir gulakhalkadan ybarat. Olaryň tanyşdyrylyşy Sankt-Peterburgda geçirilen «Döredijilik ykdysadyýetiniň günleri» forumynda boldy.

Rekord uzynlykdaky gulakhalka ýantar elementlerinden ybarat we olaryň her biri altyn çaýylan kümüş çarçuwada oturdylan. Ähli detallaryň titan ýüplüge düzülmegi, şaý-sepiň berk we çeýe bolmagyny üpjün edýär. Uzyn gulakhalka kaf görnüşinde — agramy gulak ýelkenine gyradeň düşýän ýörite berkitmeli şaý-sep görnüşinde ýasaldy, gysgarak gulakhalka bolsa adaty iňlis gulpuny aldy.

Kärhananyň baş direktorynyň orunbasary Maýa Skworsowanyň aýtmagyna görä, ýantaryň tebigy aýratynlygy we ýörite karkas gurluşy netijesinde 63 santimetrlik gulakhalkanyň umumy agramy bary-ýogy 54 gram boldy. Eger gulakhalka granat daşyndan ýasalan bolsa, onda ol dört esse agyr bolardy.

Geljekki bir aýyň dowamynda şaý-sep toplumy Sankt-Peterburgdaky Newskiý şaýolunda ýerleşýän kombinatyň täze salonynda görkeziler. Isleg bildirýänler gulakhalkany dakyp görüp, surata düşüp biler.