92 ýaşynda ilkinji gezek baba bolan amerikaly Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Şu gün, 09:302,622
1 / 3

Amerikaly Normand Tusinýan 92 ýaşap, 24 gün geçenden soň ilkinji gezek baba boldy. Ol bu üstünligi bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Rekord resmi taýdan awgust aýynda, onuň 96 ýaşyny belleýän uçurlary ykrar edildi.

Rekord eýesiniň ýeke-täk agtygy Medison 2022-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda dünýä indi. Gyzy Kerriniň aýtmagyna görä, agtygynyň dünýä inmegi kakasyna, göçme manyda, täzeden ýaşaýyş berdi.

Mundan öňki rekord awstraliýaly Çarlz Smite degişlidi. Ol ilkinji gezek 91 ýaş we 209 günlük wagtynda ata bolupdy.

Normand Massaçusets ştatynyň Gardner şäherinde kanadaly fransuzlaryň katolik maşgalasynda ulaldy. Ol 17 çagaly maşgaladan çyksa-da, doganlary ýogalandan soň, ene-atasynyň aýatda gezip ýören ýeke-täk perzendi bolup galdy. Şeýle-de bolsa, onuň 56 sany ýegeni we ýegençisi bar.

Normand zähmet ýolunyň köp bölegini kliniki psiholog bolup işledi. Ol kitap okamagy, tapmaça çözmegi, konsertlere we muzeý sergilerine gitmegi halaýar. Maşgala durmuşy hem onuň üçin örän gymmatly.

Ol köp ýyllap The Washington Post gazetinde habarçy we redaktor bolup işlän Meri Luiza bilen 1985-nji ýylyň Söýgüliler gününde adaglandy. Bäş ýyl geçenden soň, olaryň gyzy Kerri dünýä indi. Şol wagt Normand tas 60, aýaly bolsa 40 ýaşyndady.

Kerriniň ýatlamagyna görä, onuň terbiýesi bilen pensiýa çykandan soň, esasan, kakasy meşgullanypdyr. Ol gyzyna öýde seredipdir. Şol döwürlerde erkek adamlaryň çagalaryna öýde seretmegi biraz geň görülýärdi. Ataly-gyz bilelikde ýarmarkalara we dürli baýramçylyk şüweleňlerine gidipdirler. Normand şol ýerlerde adamlaryň ýaşyny çaklamak boýunça geçirilýän bäsleşiklere-de gatnaşypdyr. Daşyndan juwan görünýändigi sebäpli, guramaçylar oňa, köplenç, 15–20 ýyl kiçi ýaş kesipdirler.

Häzirki wagtda Normand bilen Meri Luiza Demirgazyk Karolina ştatynyň Şarlott şäherinde ýaşaýarlar. Olar şol ýere ýakyn garyndaşlaryna has golaý bolmak üçin Wirjiniýa ştatyndan göçüp barypdyrlar.