21-nji oktýabrda Samarkantda Çagalaryň abadançylygy boýunça Bütindünýä sammiti açyldy. Forum 100-den gowrak ýurtdan 600-den gowrak gatnaşyjyny, şol sanda degişli ministrlikleriň ýolbaşçylaryny, BMG-niň we halkara guramalarynyň hünärmenlerini, raýatlyk jemgyýetiniň wekillerini hem-de çagalary we ýetginjekleri jemledi.
Forum Özbegistanyň hökümeti tarapyndan BMG-niň düzümleri (ÝUNISEF, BSGG, Çagalara garşy zorluk baradaky Ýörite wekiliň diwany) we Bütindünýä banky bilen hyzmatdaşlykda guraldy.
Sammitiň esasy maksady ykdysady sarsgynlardan we klimatyň üýtgemeginden başlap, garyplyga we halkara ynsanperwer kömegiň göwrüminiň azalmagyna çenli global meseleleriň ýüze çykýan şertlerinde ösüp gelýän ýaş nesli goramak boýunça ulgamlaýyn çäreleri maslahatlaşmakdan ybarat boldy.
Sammitde üns berlen esasy meseleler:
Irki ýaşdan maýa goýumlar we mekdebe çenli bilim: Gatnaşyjylar çagalaryň irki ösüşine, sosial goldaw ulgamynyň ösdürilmegine we maýyplygy bolan çagalaryň mekdepde okap bilmek mümkinçiligine aýratyn üns berdi. Özbegistanyň mysalynda bu ugurlarda gazanylan ösüş bellenildi. Ýurtda çaga garyplygynyň derejesi 21,5%-den 5,4%-e çenli azaldy, mekdebe çenli bilim bilen gurşap almak bolsa 27%-den 78%-e çenli ýokarlandy.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynyň başlygy Halilur Rahman dört sany ileri tutulmaly ugry görkezdi: çagalary kagyz işleridir düzgünnamalardan ýokary tutmak, ulgamlary çaganyň bähbidini göz öňünde tutup gurmak, yzda galan çagalara ilkinji nobatda üns bermek we berilýän wadalary maliýeleşdirme bilen berkitmek.
«Wadalarymyza ýeterlik maliýeleşdirmäni üpjün edeliň we netijeleri görkezeliň. Her bir borçnama serişdeler, jogapkärçilik we möhlet bilen berkidilmelidir. Ýeke bir jarnamanyň özi çaga sanjym etmez. Diňe bir wada mugallymyň zähmet hakyny tölemez. El çarpyşmalar bilen zerur dermanlary satyn alyp bolmaz. Syýasy borçnama diňe býujet amallaryndan geçen ýagdaýynda ygtybarly bolýar» diýip, Halilur Rahman belledi.
Çaganyň rak keseline garşy göreş: Sammitiň çäginde «ýol berilmesiz deňsizlige» üns çekildi: ýokary girdejili ýurtlarda onko-keselli çagalaryň 80%-den gowragy sagalýan bolsa, ösüp barýan ýurtlarda bu görkeziji 30%-den geçmeýär. Gatnaşyjylar bu tapawudy azaltmaga, dermanlara elýeterliligi ýokarlandyrmaga hem-de ene-ata we ýakyn hossarlary tarapyndan psihologik goldawy berkitmäge, şeýle-de bu ugurda başlangyçlary ösdürmäge çagyrdy.
Her ýylda dünýäde, takmynan, 400 müň çaga we ýetginjege rak diagnozy goýulýar; olaryň, takmynan, 90 göterimi pes we orta girdejili ýurtlarda ýaşaýar. BSGG 2030-njy ýyla çenli keselden gutulmagyň global derejesini 60 göterime ýetirmegi maksat edinýär.
Zorlukdan goramak: Çagalara garşy zorlugyň ähli görnüşlerini ýok etmek sammitiň esasy meseleleriniň biri boldy. Bellenilişi ýaly, 1 milliarda golaý çaga köp ölçegli garyplykda ýaşaýar, dünýädäki her dört çagadan üçüsi sosial goragdan mahrum galýar. Çagalara garşy zorluk hemme ýerde: öýde, köçede, edaralarda, internetde, şol sanda ynam bildirilen adamlaryň arasynda hem artýar. Zorlukdan goramak çaganyň abadançylygyny üpjün etmek üçin möhüm şertdir.
Döwletler zorlugyň netijeleri bilen baglanyşykly ägirt uly göni we gytaklaýyn çykdajylary çekýär. Käbir ýurtlarda şeýle zorlukdan dörän ykdysady ýitgiler saglygy goraýyş býujetinden alty essä çenli köp bolup bilýär. Käbir ýurtlarda bolsa ol milli JIÖ-niň 11%-ine barabar.
Çagalary goldamak we hossarlyk: Sammite gatnaşyjylar ene-atalyk aladasyndan mahrum bolan çagalara kömek bermek, öweý maşgala ulgamyny giňeltmek we hossarlygyň maşgala görnüşlerini ösdürmek meselelerini maslahatlaşdy. Özüni alyp barşynda kynçylyklar bolan çagalar we ýetginjekler bilen işlemek meselesine hem aýratyn üns berildi.
Şeýle-de, forumda döwlet syýasatyny we maksatnamalaryny işläp düzmekde çagalaryň hem-de ýetginjekleriň sesiniň nazara alynmalydygy berk nygtaldy.
22-nji oktýabrda tamamlanýan sammitiň işiniň netijeleri boýunça Samarkant Jarnamasy kabul ediler. Resminama maşgalany we çagalary goldamak boýunça milli maksatnamalar üçin strategik gollanma bolup hyzmat eder.