Awazada ählumumy saglygy goraýyş hyzmatlary we DÖM maslahatlaşyldy

Şu gün, 18:28634

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Ählumumy saglygy goraýyş hyzmatlary we durnukly ösüş maksatlary» atly ikinji halkara maslahaty geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisi habar berýär.

Forumyň guramaçylary hökmünde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasy, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça edarasy we Türkmenistanyň Mejlisi çykyş etdi.

Gün tertibine şu aşakdakylar girizildi:

  • Ilkinji lukmançylyk-sanitariýa kömegi — lukmançylyk hyzmatlarynyň ösüşi we elýeterliligi.
  • Derman serişdeleriniň howpsuzlygy — ýokary hilli lukmançylyk serişdeleri bilen durnukly üpjün etmek.
  • Sagdyn gurşaw we syýasat — ilatyň saglygynyň bähbidine salgyt we durmuş syýasatyny emele getirmekde parlamentleriň eýeleýän orny.
  • Lukmançylykdaky innowasiýalar — pudagy sanlylaşdyrmak, telelukmançylygy we emeli aňy ornaşdyrmak, keselleriň öňüni alyş we şypahana bejergisini ösdürmek.
  • Geljekki çärelere taýýarlyk — BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2027-nji ýylyň sentýabr aýyna meýilleşdirilen ählumumy saglygy goraýyş hyzmatlary boýunça ýokary derejedäki mejlisiniň öňüsyrasynda geçirilýän sebit geňeşmeleri.