Gurbanguly Berdimuhamedow täze Çeperçilik haly kärhanasynyň taslamasy bilen tanyşdy

Şu gün, 21:281,981

21-nji noýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheri ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynda alnyp barylýan işler, gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow gurluşygy dowam edýän we meýilleşdirilýän desgalaryň, şol sanda Çeperçilik haly kärhanasynyň taslamalary, daşky we içki bezeg aýratynlyklary, enjamlaşdyrylyşy, yşyklandyryş ulgamy hem-de ýanaşyk ýerleriň abadanlaşdyrylyşy barada maglumat berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri görkezilen taslamalar we çyzgylar bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişlerini girizdi. Ol täze haly kärhanasynyň işini sanlylaşdyrmagyň, täzeçil tehnologiýalary ulanmagyň, bezeg serişdeleriniň hiliniň milli ýörelgeler bilen sazlaşmagynyň möhümdigini nygtady. Şeýle-de kärhananyň çäginde döredilýän sungat muzeýinde halyçylyk gurallarynyň, türkmen halylarynyň taryhy, reňk aýratynlyklary, çitimleri we ussat halyçylar baradaky maglumatlaryň ýerleşdirilmegine ünsi çekdi.

Haly kärhanasynyň mejlisler zalynyň taslamalary bilen tanşyp, Gurbanguly Berdimuhamedow olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Ol bu ýerde goýulýan enjamlaryň, oturgyçlaryň haly kärhanasynyň ähmiýetine laýyk derejede seçilip alynmalydygyny belledi.

Arkadag şäherine iş saparynyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow 30 müň orunlyk «Arkadagyň ruhy metjidinde» alnyp barylýan işler, ugurdaş desgalaryň we metjidiň çägindäki sadaka jaýynyň içki bezeg aýratynlyklary, yşyklandyryş we reňk sazlaşygy hem-de ulanylýan serişdeler bilen tanyşdy. Ol metjidiň we onuň ýanaşyk ýerleriniň bezeginde milli binagärlik ýörelgeleri bilen ösen tejribäniň utgaşdyrylmalydygyny, binanyň howa çalşygynda we ýylyň ähli paslynda ýakymly howa gurşawyny saklamakda sanly tehnologiýalaryň netijeli peýdalanylmalydygyny nygtady. Şeýle hem ol şäheriň arassaçylyk we abadançylyk işlerini yzygiderli gözegçilikde saklanmak bilen bagly maslahatlaryny berdi.