Hytaýyň, ABŞ-nyň we Russiýanyň Liderleriniň taryhda ilkinji üçtaraplaýyn duşuşygy geçirildi

Şu gün, 17:471,958
1 / 3

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp we Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Hytaýyň Şençžen şäherinde üçtaraplaýyn duşuşyk geçirdiler. Bu üç döwletiň liderleriniň arasynda taryhda ilkinji gezek geçirilen şeýle duşuşyk boldy.

Gepleşikler Aziýa-Ýuwaş umman ykdysady hyzmatdaşlygy (AÝYH) guramasynyň sammitiniň çäklerinde geçirildi. Hytaý bu sammiti üçünji gezek kabul edýär.

Üç ýurduň döwlet Baştutanlarynyň arasyndaky gepleşikler, takmynan, bir ýarym sagat dowam etdi. Duşuşygyň netijesinde bilelikdäki beýannama kabul edildi.

Jemleýji beýannamada BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik agzalary bolan üç ýurt guramany özgertmek ugrunda tagalla etmäge ygrarlydyklaryny mälim etdiler. Bu özgertmeleriň BMG-niň dünýäde ýüze çykýan meseleler bilen has netijeli göreşmegine, halkara parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça esasy wezipesini ýerine ýetirmegine ýardam etmelidigi bellenildi.

Şeýle hem Hytaý, ABŞ we Russiýa ähli ýurtlaryň bähbidine nebiti gaýtadan işlemek arkaly alynýan önümleriň öndürilişini hem-de iberilişini artdyrmagy maksat edinýändiklerini mälim etdiler. Şonuň ýaly-da olar energiýa serişdeleriniň üznüksiz we durnukly üpjün edilmeginiň möhümdigini tassykladylar.

Duşuşykda döwletleriň özara ylalaşyk ýörelgesiniň hem-de resmi wekilleriň hukuk eldegrilmesizliginiň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Şeýle-de Halkara Jenaýat kazyýetiniň we oňa meňzeş beýleki düzümleriň öz ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalanmaly däldigini bellediler.

Beýannamada ýadro howpsuzlygy meselesine hem aýratyn orun berildi. Liderler «ýadro urşunda ýeňijiniň bolup bilmejekdigini we şeýle urşa hiç wagt ýol berilmeli däldigini» tassykladylar. Şonuň esasynda ýurtlaryň üçüsiniň-de ýadro howplaryny azaltmak we ýadro ýaraglarynyň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça gepleşikleri dowam etdirmek meýilleriniň bardygy aýratyn bellenildi.

Resminamanyň giriş bölüminde Wladimir Putin bilen Donald Tramp «taryhy üçtaraplaýyn sammiti» gurandygy üçin hytaý liderine minnetdarlyk bildirdiler.