Şanhaýdaky CIIE 2026 sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy

Düýn, 16:061,774
1 / 3

5-nji noýabrda Şanhaýda «Täze eýýam — umumy geljek» şygary astynda 9-njy Hytaý halkara import harytlarynyň sergisi (CIIE 2026) açyldy. 10-njy noýabra çenli dowam etjek bu iri halkara çärä Türkmenistan hem milli pawilýony bilen gatnaşýar.

Açylyş dabarasynda HHR-iň Döwlet geňeşiniň wise-premýeri Din Sýuesýan çykyş edip, Hytaýyň açyklyk syýasatyna ygrarlylygyny, halkara söwdany giňeltmegi we daşary ýurtly maýadarlar üçin amatly şertleri döretmegi dowam etdirýändigini nygtady.

Şeýle-de onuň aýtmagyna görä, Hytaý eýýäm bassyr 17 ýyl bäri harytlaryň importy boýunça dünýäde ikinji orny eýeleýär, 2026-njy ýylyň ilkinji üç çärýeginde ýurduň importy 22,3% ýokarlandy.

Sergide Türkmenistanyň milli pawilýonynyň guramaçylary hökmünde ýurduň Söwda-senagat edarasy we «Oguz Forum we Ekspo» ÝGPJ çykyş etdi. Bu ýerde ýurduň dokma, himiýa, oba hojalyk we senagat pudaklarynda öndürilýän ýokary hilli, eksporta gönükdirilen önümleriň dürli görnüşleri görkezilýär. Aýratyn orny elde dokalan nepis türkmen halylary eýeleýär.

Şeýle hem pawilýon sergä gatnaşyjylaryň Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleri, ykdysadyýetiniň ileri tutulýan ugurlary, baý taryhy we medeni mirasy bilen tanyşmagyna giň mümkinçilik döredýär.

CIIE 2026 sergisine gatnaşmak türkmen eksportçylaryna Hytaý bazaryndaky ornuny giňeltmäge, göni maýa goýumlary çekmäge hem-de Aşgabat bilen Pekiniň arasyndaky strategik söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmäge mümkinçilik berer.

HHR-iň täjirçilik ministri Wan Wentaonyň habar bermegine görä, şu ýyl sergä 162 ýurtdan, sebitden we halkara guramalardan wekiller gatnaşýar. Sergide 4142 gatnaşyjynyň önümleri we hyzmatlary hödürlenýär. Döwlet edaralary, kärhanalar we hususy telekeçiler ykdysadyýetiň esasy pudaklarynda: energetika we nebitgaz, himiýa we dokma senagaty, ulag we logistika, agrosenagat we saglygy goraýyş ulgamlarynda öz önümlerini, hyzmatlaryny we möhüm maýa goýum taslamalaryny tanyşdyrýar.

Şanhaýdaky serginiň umumy meýdany 440 müň inedördül metrden geçdi. Yzygiderli sekizinji ýyl ekspozisiýanyň meýdany boýunça birinji ýeri ABŞ-nyň kompaniýalary (50 müň inedördül metrden gowrak) eýeleýär. Bu görkeziji boýunça öňdebaryjylaryň hataryna Germaniýanyň, Beýik Britaniýanyň we Fransiýanyň kompaniýalary hem girýär. Türkmenistanyň diwarlygynyň meýdany 132 inedördül metre barabar.