Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow «Hemmeler üçin durnukly energetika» (SEforALL) halkara guramasynyň ýerine ýetiriji direktorynyň orunbasary Stefano Marguçço bilen duşuşdy. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.
Taraplar durnukly energetika, energetika howpsuzlygy we halkara özara baglanyşygy pugtalandyrmak ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini maslahatlaşdy.
Duşuşykda Türkmenistanyň geljek ýylda SEforALL-yň Ählumumy forumyny geçirmek baradaky başlangyjyna aýratyn üns berildi. Gepleşiklere gatnaşyjylaryň pikirine görä, bu çäre halkara gepleşikleri ösdürmek we durnukly energetikanyň global gün tertibini ilerletmek üçin meýdança öwrülip biler.
Şeýle hem taraplar Türkmenistanyň energetika özara baglanyşygyny pugtalandyrmaga we bu ugurda amaly hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen halkara başlangyçlarynyň ähmiýetini belledi.
Duşuşygyň netijeleri boýunça, Meredow we Marguçço özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge hem-de ony anyk taslamalar bilen baýlaşdyrmaga gyzyklanma bildirdi.