Şu gün, 1-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine baryp, bu ýerde şäher gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler hem-de güýzki bag ekmek möwsümine taýýarlyk bilen tanyşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow ählihalk bag nahallaryny ekmegiň güýzki möwsüminiň geçiriljek ýerine gelip, bu ýeriniň taýýarlyk derejesi bilen tanyşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ekologiýa syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmagyň esasy şertleriniň biridigini, şu maksat bilen ählihalk bag nahallaryny ekmegiň güýzki möwsümine taýýarlyk işleriniň ylmy tarapdan esaslandyrylan bolmalydygyny nygtady. Şunda bag nahallaryny ekmegiň medeniýetiniň we kadalarynyň berk berjaý edilmelidigi bellenildi. Munuň özi bu künjekde ýokary ozon gurşawynyň emele gelmegini üpjün eder.
Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäheriň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdebiniň we çagalar bagynyň gurulýan ýerine gelip, bu ýerde hem saýaly baglaryň köpçülikleýin ekilmeginiň we desgalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagynyň möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenendigini belledi we bu işlere ýaşlaryň hem işjeň çekilmelidigini aýtdy.
Şeýle-de, mekdebiň we çagalar bagynyň ýanynda oba hojalyk toplumy üçin ýer bölekleriniň bölünip berilýändigi, hünarmenleriň we alymlaryň bu ýerleri ylmy esasda öwrenip, saýaly baglary ösdürip ýetişdirmek boýunça degişli işleri geçirmelidigi aýdyldy.
Bellenilişi ýaly, ählihalk bag ekişliginiň güýzki möwsüminde Arkadag şäheriniň çäginde müňlerçe düýp bag nahallary ekiler.

Gurbanguly Berdimuhamedow tokaý zolaklaryny döretmekde we baglara agrotehniki talaplara laýyklykda ideg etmekde sanly ulgamyň we emeli aňyň mümkinçiliklerinden peýdalanmalydygyna ünsi çekdi.
Saparyň çäginde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda «Arkadagyň ruhy metjidiniň» ýanynda iş maslahaty geçirildi. Maslahatda gurulýan desgalaryň ýokary hiliniň üpjün edilmelidigi we binalaryň gurluşyklarynyň kesgitlenen möhletlerde tamamlanmalydygy bellenildi.
Şeýle-de, türkmen halkynyň Milli Lideri «Ahalteke atlar» şaýoluny döwrebaplaşdyrmak işlerini öz wagtynda tamamlamak we ýol ýakalarynyň bezeg işlerini geçirmek babatda özüniň öwüt-ündewlerini berdi.
Arkadag şäheriniň häkimi täze şäheriň çäginde degişli arassaçylyk we abadançylyk işleriniň yzygiderli alnyp barylýandygy we öňde boljak ählihalk bag ekmek dabarasyny guramaçylykly geçirmek boýunça görlen taýýarlyk işleri barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, Arkadag şäheri giňden bellenilýän Hasyl toýunyň dabaralaryna işjeň gatnaşar.
Gurbanguly Berdimuhamedow ählihalk bag ekmek möwsümini we Hasyl toýuny guramaçylykly geçirmelidigini, dabaralara Arkadag şäheriniň ilatynyň işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek meselelerine möhüm ähmiýet bermelidigini aýtdy. Ol meýilleşdirilen çäreleri abraý bilen ýerine ýetirmekde hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.