Serdar Berdimuhamedow bank ulgamynyň işgärlerini manadyň 33 ýyllygy bilen gutlady

Şu gün, 15:552,373

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bank ulgamynyň işgärlerini we ähli watandaşlaryny milli pul birliginiň — manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 33 ýyllygy bilen gutlady. Bu barada TDH habar berdi.

Döwlet Baştutany milli puluň dolanyşyga girizilmeginiň ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmek, pul dolanyşygyny kadalaşdyrmak we ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatyny netijeli amala aşyrmak üçin amatly şertleri döredendigini belledi. Onuň aýtmagyna görä, bank ulgamy erkin maliýe serişdelerini ykdysadyýete çekmekde we önümçiligiň maýa goýum çeşmeleri bilen üpjün edilmeginde möhüm orun eýeleýär.

«Türkmenistanyň ykdysadyýetine gönükdirilýän, uzak möhlete niýetlenen uly möçberli karz serişdeleri ykdysadyýeti senagatlaşdyrmak syýasatyny üstünlikli amala aşyrmaga, ýurduň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmaga, importyň düzümini kämilleşdirmäge, goşmaça iş orunlaryny döretmäge ähli zerur şertleri döredýär. Şonuň bilen birlikde, ýurtda ýerli çig mallaryň hasabyna milli puluň haryt üpjünçiligi ýokarlanýar we manadyň kadaly hereketi ýola goýulýar. Bu bolsa ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak bilen bir hatarda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň halkara abraýyny has-da berkidýär» diýlip, gutlagda bellenilýär.

Serdar Berdimuhamedow soňky ýyllarda bank ulgamynda sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylýandygyny, munuň maliýe amallarynyň tizligini artdyrmaga, hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga we görnüşlerini köpeltmäge mümkinçilik berýändigini nygtady. Şol bir wagtyň özünde, ilatyň maliýe sowatlylygyny ýokarlandyrmak we bank işgärleriniň hünär derejesini kämilleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar.

Prezident pudagy mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda bank işini düzgünleşdirýän kanunçylygy halkara ölçeglere laýyk getirmegi, elektron töleg ulgamyny ösdürmegi we galtaşyksyz töleg tehnologiýalaryny ornaşdyrmagy görkezdi. Şeýle hem Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky hem-de «Fitch Ratings» halkara reýting agentligi bilen hyzmatdaşlygyň ähmiýeti bellenildi.

Gutlagda bank ulgamyndaky özgertmeleriň hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga, milli manadyň durnuklylygyny berkitmäge we pul dolanyşygynyň kadaly hereketini üpjün etmäge gönükdirilendigi aýdylýar. Döwlet Baştutany bu ugurdaky işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini belledi.

«Bu biziň durmuş-ykdysady strategiýamyzyň baş maksady bolup durýar» diýip, Prezident nygtady.

Gutlagyň ahyrynda Serdar Berdimuhamedow bank ulgamynyň işgärlerine we ähli watandaşlaryna berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, asuda we bagtyýar durmuş hem-de ýurduň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.