Ählihalk bag ekmek dabarasyna we Hasyl toýuna taýýarlyk görülýär

Düýn, 21:213,018

Noýabr aýynda Türkmenistanda ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler we Hasyl toýy belleniler. Şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýew bu çäreleri geçirmek bilen bagly görülýän taýýarlyk işleri, şeýle-de oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi diýlip, «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Hasabatda bellenilişi ýaly, «Türkmenistanda 2026-njy ýylda bag ekmek hakynda» Karara we Milli tokaý maksatnamasyna laýyklykda, noýabr aýynda Aşgabat we Arkadag şäherlerinde hem-de welaýatlarda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmäge taýýarlyk görülýär. Mundan başga-da, her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde bellenilýän Hasyl toýy mynasybetli 8-nji noýabrda paýtagtda we welaýatlarda dabaraly baýramçylyk çärelerini geçirmek meýilleşdirilýär.

Şeýle-de T.Atahallyýew häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we pagta hasylyny bellenen möhletlerde ýygnap almak hem-de gaýtadan işlemek boýunça degişli işleriň geçirilýändigini aýtdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek, bugdaý ekişini talabalaýyk geçirmek we pagta ýygymynyň depginini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi. Ol ählihalk bag ekmek dabarasyna hem-de Hasyl toýy mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çärelerine düýpli taýýarlyk görmegi we olary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi wise-premýere tabşyrdy.