Noýabr aýynda aýratyn tapawutlanan ýaşlara «Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň» gowşurylyş dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär. Geljek aýda geçiriljek esasy çäreler we medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga berilmeginiň Tertibi barada Hökümet mejlisiniň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bahar Seýidowa hasabat berdi diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.
Geljek aýyň meýilnamasyna laýyklykda, aýratyn tapawutlanan ýaşlara «Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyny» gowşurmak dabarasyny, talyplaryň arasynda dürli dersler boýunça Halkara internet olimpiadalaryny, çagalar baglarynda we mekdeplerde «Gül çagalar aýdym-sazly mekanda» atly festiwaly hem-de halypa ýazyjy-şahyrlaryň ömür-döredijiligine bagyşlanan çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar.
Şeýle hem Aşgabatda Koreý medeniýetiniň hepdeligi, Ýewropanyň medeniýet günleri, GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça Geňeşiniň nobatdaky mejlisi we «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwaly geçiriler.
Türkmenistanyň Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurtda bellenýän baýramlar bilen bagly noýabr aýynda geçiriljek esasy çärelere, täze desgalaryň düýbüni tutmak we ulanmaga bermek dabaralaryna düýpli taýýarlyk görmegiň wajypdygyny nygtady.
Döwlet Baştutany Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni hem-de Hasyl toýy mynasybetli geçiriljek çärelere ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görmegi wise-premýere tabşyrdy.