Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýmyrat Annamämmedow 31-nji oktýabrda geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda elektrik energetikasy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.
B.Annamämmedow ýurduň sebitlerini, hususan-da, Balkan welaýatynyň sarp edijilerini hem-de welaýatyň çäginde ýerleşýän nebit ýataklaryny elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek maksady bilen degişli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Bu ugurda öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmäge we kämil tehnologiýalary ornaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär.
Wise-premýer energetika pudagyny döwrebaplaşdyrmak baradaky degişli teklipleri döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurtda elektrik energetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmäge we sarp edijileri elektrik energiýasy bilen durnukly üpjün etmäge möhüm ähmiýet berilýändigini nygtady. Döwlet Baştutany Balkan welaýatyny elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmek maksady bilen taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.