Türkmenistan şu ýylyň 9—20-nji noýabr aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde geçiriljek BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) çägindäki sergä milli pawilýony bilen gatnaşar. Bu barada şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda mälim boldy diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew sergä milli pawilýon bilen gatnaşmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Milli pawilýonda ekologiýa, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi babatda ýurtda amala aşyrylýan giň gerimli işler we halkara başlangyçlar öz beýanyny tapar.
Wise-premýer bu halkara sergä gatnaşmak boýunça degişli teklibi döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurduň daşky gurşawy goramak we ekologiýa durnuklylygyny üpjün etmek boýunça halkara hyzmatdaşlygyny yzygiderli ösdürýändigini hem-de möhüm global çärelere işjeň gatnaşýandygyny belledi. Ol Türkiýe Respublikasynda geçiriljek ekologiýa bagyşlanan halkara sergä Türkmenistanyň milli pawilýony bilen ýokary guramaçylyk derejesinde gatnaşmagyny üpjün etmegi wise-premýere tabşyrdy.