ABŞ-nyň iri banklarynyň müşderileri bank hyzmatlarynyň işinde näsazlyklaryň ýüze çykandygyny habar berdi. Downdetector-yň maglumatlaryna görä, näsazlyklar JPMorgan Chase, Bank of America, Wells Fargo, Capital One we Citibank banklaryna, şeýle hem Zelle pul geçirimleri hyzmatyna täsir etdi.
Iň köp şikaýat Chase bankynyň işi bilen bagly bolup, ol boýunça 4,5 müňden gowrak arza hasaba alyndy. Şikaýatlaryň tas ýarysynda pul amallaryny geçirmekde we hasaplardaky galyndylary barlamakda kynçylyklaryň ýüze çykandygy aýdylýar.
Ilkibaşda näsazlyklaryň näme sebäpden ýüze çykandygyny näbellidi, ýöne soňra JPMorgan Chase banky käbir amallaryň gijikdirilip işlenýändigini we muňa kiberhüjümüň dahylynyň ýokdugyny nygtady.
Wells Fargo banky hem näsazlygyň bardygyny tassyklap, onlaýn bank hyzmatynyň wagtlaýyn elýeterli däldigini yglan etdi.
Bank ulgamyndaky näsazlyklardan biraz öň ABŞ-da ýene iki sany iri tehniki bökdençlik bolupdy. Geçen hepde Microsoft kompaniýasynyň Outlook ýaly hyzmatlarynyň işi dünýäniň onlarça ýurdunda bökdençlikleri döretdi. Mundan başga-da, birnäçe sagatlap dowam eden ýene bir uly tehniki näsazlyk sebäpli, ABŞ-nyň raýat awiasiýasynyň işi bozulyp, müňlerçe uçuş mejbury ýagdaýda ýatyryldy.