Pol Kapur ABŞ-nyň Ilçihanasynyň täze binasynyň gurulýan ýerine we Amerikan merkezine baryp gördi

05.11.2026, 17:274,258
1 / 2

ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça kömekçisi Samir Pol Kapur Türkmenistana amala aşyran saparynyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky işewürlik, energetika we medeni ösüş gatnaşyklaryna bagyşlanan birnäçe duşuşyklary geçirdi. Bu barada tmcars.news-a ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy habar berdi.

Kapur ABŞ-nyň we Türkmenistanyň işewürleri bilen amerikan maýa goýumlaryny artdyrmagyň we söwda hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy.

Şeýle hem diplomat Aşgabatdaky Amerikan merkezine baryp gördi. Bu ýerde Türkmenistanyň raýatlary iňlis dilini mugt öwrenip, hünär başarnyklaryny hem-de telekeçiligi ösdürmek üçin okuw serişdelerinden peýdalanyp, şeýle hem amerikan medeniýeti bilen tanşyp bilýär.

Mundan başga-da, Döwlet sekretarynyň kömekçisi Aşgabatda ABŞ-nyň Ilçihanasynyň täze binalar toplumynyň gurluşyk meýdançasyny gözden geçirdi. Diplomatik wekilhanada bellenilişi ýaly, bu taslama Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistan bilen gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlylygynyň nyşanydyr.

Sapar ABŞ-nyň wagtlaýyn ynanylan wekili Kristin Hokins tarapyndan guralan kabul edişlik bilen tamamlandy. Oňa Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň wekilleri, amerikan we türkmen işewürleri, ABŞ-nyň hökümetiniň alyş-çalyş maksatnamalarynyň uçurymlary hem-de diplomatik wekilhanalaryň agzalary gatnaşdy.

«Ýurtlarymyzyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 35 ýyllygynyň öňüsyrasynda ABŞ bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri hiç haçan häzirki ýaly giň bolmandy. Geljekki nesilleriň bähbidine has-da berk we gülläp ösýän gatnaşyklary gurmaga sabyrsyzlyk bilen garaşýarys» diýip, Döwlet sekretarynyň kömekçisi Kapur belledi.

Bu sapar ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubionyň Samarkanda bolan saparynyň yzysüre amala aşyryldy, ol ýerde amerikan wekili «C5+1» formatynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirdi.

Ozal habar berşimiz ýaly, Pol Kapur Türkmenistana saparynyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy. Mundan başga-da, Kapuryň we Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň bilelikde başlyklyk etmeginde Aşgabatda türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleriniň nobatdaky tapgyry geçirildi.