Söwda, EA we howpsuzlyk: Merkezi Aziýa döwletleri bilen ABŞ-nyň arasynda gazanylan ylalaşyklar

Şu gün, 03:44337
1 / 10

19-njy oktýabrda Samarkant şäherinde «C5+1» formatynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ABŞ-nyň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmegiň meselelerini, şeýle hem häzirkizaman halkara şertlerinde sebit gatnaşyklaryny ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdy. Taraplar döwletleriň özygtyýarlygyna, garaşsyzlygyna we çäk bitewiligine hormat goýmak, özara ynanyşmak we umumy bähbitleri göz öňünde tutmak ýörelgelerine esaslanýan uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassyklady.

Syýasy gepleşikleri giňeltmäge we Merkezi Aziýada parahatçylygy, durnuklylygy hem-e durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen bilelikdäki başlangyçlary öňe sürmäge aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň gün tertibinde söwda-ykdysady, maýa goýum, ulag-logistika, şol sanda Hazarüsti halkara ulag geçelgesini mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri möhüm orun tutdy. Mundan başga-da, sanlylaşdyrmak, emeli aň we sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak ugrunda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri bellenildi. Maglumat tehnologiýalary, kiberhowpsuzlyk, önümçilik amallaryny awtomatlaşdyrmak we ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak ulgamynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin tejribe alyşmagyň, maýa goýumlary we tehnologik çözgütleri çekmegiň ähmiýeti nygtaldy.

Energetika pudagynda, tebigy serişdeleri çykarmakda we gaýtadan işlemekde hyzmatdaşlygyň geljegine aýratyn üns berildi. Duşuşygyň dowamynda sebit howpsuzlygyny berkitmek, terrorçylyga, guramaçylykly jenaýata, neşe serişdeleriniň we ýaraglaryň bikanun dolanyşygyna, adam söwdasyna garşy göreşmek, şeýle hem döwlet serhetleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taryhy-medeni mirasy saklamak, bilim we medeni alşygy giňeltmek, syýahatçylygy ösdürmek hem hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary hökmünde kesgitlendi.

Duşuşygyň netijeleri boýunça «C5+1» formatynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň daşary işler ministrleriniň Bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi. 

Resminamada özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde, sebit durnuklylygyny berkitmekde we sosial-ykdysady ösüşiň wajyp wezipelerini çözmekde möhüm platforma hökmünde «C5+1» formatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gyzyklanma tassyklandy.