Samarkantda Merkezi Aziýa we ABŞ ministrler duşuşygy hem-de Marko Rubio bilen gepleşikler geçiriler

Şu gün, 04:462,429

Wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow 17-nji oktýabrda geçen Hökümet mejlisiniň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky «C5+1» ministrler derejesindäki nobatdaky duşuşyga görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bu barada TDH ýazýar.

Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 19-njy oktýabrynda Özbegistanyň Samarkant şäherinde bu formata gatnaşýan ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda geçiriljek duşuşykda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça türkmen tarapynyň garaýyşlary beýan ediler. 

Çäräniň çäginde hökümet agzalarynyň we işewürleriň gatnaşmagynda sanly tehnologiýalar, bilim, saglygy goraýyş, wajyp minerallar, energiýa, ulag, oba hojalygy, dokma toplumy, maliýe we maýa goýum ugurlary boýunça işewürler sessiýalary guralar.

Şeýle hem ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirmek we onda hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini hem-de 3-nji noýabrda Aşgabatda meýilleşdirilýän nobatdaky Türkmen-Amerikan syýasy geňeşmelerine taýýarlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.

Duşuşygyň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýannamany kabul etmek meýilleşdirilýär.

Wise-premýer Türkmenistanyň 2025–2026-njy ýyllarda «C5+1» formatynyň sekretariatynda ABŞ bilen bilelikde başlyklyk edendigini we emeli aň mowzugy boýunça başlangyçlary öňe sürendigini hem belläp geçdi. Şeýle-de, 2025-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Waşington şäherinde şu formatyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçirildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ministrler derejesindäki duşuşygyň sebitiň durnukly ykdysady ösüşini üpjün etmekde uly ähmiýete eýedigini nygtady. Döwlet Baştutany sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berjek bu duşuşyga düýpli taýýarlyk görmegi we oňa işjeň gatnaşmagy wise-premýer, daşary işler ministrine tabşyrdy.