Türkmenistanyň raýatsyzlyga garşy göreşdäki tejribesine Ženewada ýokary baha berildi

Şu gün, 13:48873
1 / 2

12-16-njy oktýabr aralygynda Ženewa şäherinde BMG-niň Bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary Komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 77-nji mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, Türkmenistanyň wekiliýetine Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy Amanmuhammet Sazakow ýolbaşçylyk etdi.

12-nji oktýabrda geçirilen umumy mejlisdäki çykyşynda wekiliýetiň ýolbaşçysy ynsanperwer meseleleriň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady. Mejlise gatnaşyjylara Raýatsyzlygy aradan aýyrmak baradaky Milli hereketler meýilnamasynyň durmuşa geçirilişiniň netijeleri we 2028-nji ýyly «Halkara hukuk ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyç tanyşdyryldy.

15-nji oktýabrda Sazakowyň BMG-niň Bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary komissary Barham Saleh bilen duşuşygy boldy. Taraplar köpýyllyk hyzmatdaşlygyň strategik häsiýete eýedigini belledi.

Barham Saleh Türkmenistanyň Merkezi Aziýada raýatsyzlygy aradan aýyrmak we goraga mätäç şahslara raýatlyk bermek boýunça toplanan tejribesine ýokary baha berdi.