Kaliforniýanyň Günorta etrabynyň Federal kazyýeti ABŞ-nyň Döwlet departamentini meýilleşdirilen möhletlerde hasaba alyş çäresi geçirilmedik DV-2027 grin-kart lotereýasyny geçirmäge borçlandyrdy.
Täzelenen tertibe görä, arzalary kabul etmek işi 1-nji noýabrdan gijä galman başlanmaly, saýlap almagyň netijelerini bolsa 3-nji dekabra çenli yglan etmeli.
Kazy Jinsuk Ota bu çözgüdi Red Eagle Law hukuk firmasy tarapyndan ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubio garşy berlen şikaýat arzasynyň netijesinde 14-nji oktýabrda çykardy. Ilkibaşda kazyýet hasaba alyş möhletini 15-nji oktýabra çenli yglan etmegi, arzalary kabul etmegi 18-nji oktýabrdan gijä galman açmagy we ony 30 günüň dowamynda geçirmegi talap etdi. Ýöne taraplaryň ikisi hem bilelikde möhletleri iki hepde yza süýşürmegi sorady we kazy bu haýyşnamany kanagatlandyrdy.
Şol bir wagtyň özünde bu çözgüt hasaba alyş çäresiniň iş ýüzünde gaýtadan dikeldilendigini aňlatmaýar. ABŞ-nyň administrasiýasy kazyýet çözgüdiniň üstünden arz edip biler, ýöne şikaýat arzasynyň berilmeginiň özi kazyýetiň tabşyrygynyň ýerine ýetirilmegine böwet bolýan däldir. Red Eagle Law firmasynyň maglumatyna görä, habar çap edilen pursatynda bu iş boýunça şikaýat arzasynyň berlendigi barada habar ýok.
DV-2027 lotereýasyna hasaba alyş çäresi 2025-nji ýylyň güýzünde geçirilmelidi, ýöne ol açylman galypdy. Şol ýylyň noýabr aýynda Döwlet departamenti gatnaşmak düzgünleriniň üýtgedilýändigini habar berip, soňrak täze seneleri yglan etjekdigini aýtdy. 2026-njy ýylyň awgustynda Red Eagle Law häkimiýetlerden lotereýany geçirmegi talap edip kazyýete ýüz tutdy.
Diversity Visa maksatnamasy her ýyl ABŞ-a seýrek göçüp barýan ýurtlaryň raýatlary üçin 55 müň töweregi immigrasiýa wizalaryny paýlamagy göz öňünde tutýar. DV-2027 üçin arza bermegiň takyk şertleri we tertibi Döwlet departamentiniň resmi habarlarynda mälim edilýär.