Donald Tramp Türkmenistanyň Prezidentini Garaşsyzlyk baýramy bilen gutlady

Şu gün, 00:171,006

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Tramp Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy ýurduň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy bilen gutlady. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.

ABŞ-nyň Prezidenti öz gutlag hatynda bu baýramçylyk mynasybetli iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Birleşen Ştatlaryň Türkmenistanyň syýasy özygtyýarlygyny ykrar eden ilkinji ýurtlaryň biri hökmünde döwletiň taryhynda aýratyn orun eýeleýändigini belledi.

Şeýle hem ol geçen ýylyň noýabr aýynda Ak Tamda geçirilen duşuşygy ýatlap, iki ýurduň hem milli bähbitleri öňe sürýän umumy ýörelgä eýerýändigini nygtady:

«Men bu şanly baýramy Siziň bilen paýlaşyp bilýändigime buýsanýaryn. Geçen ýylyň noýabr aýynda Ak Tamda Sizi kabul etmek meniň üçin örän ýakymly boldy. Biziň umumy maksady paýlaşýandygymyzy, ýagny ýurtlarymyzyň bähbitlerini birinji orna goýýandygymyzy bilýärin we iki ýurduň arasyndaky diplomatik we ykdysady gatnaşyklar üçin hoşallygymy bildirýärin. Bu gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna berk ynanýaryn».

Gutlagynyň ahyrynda Tramp öz maşgalasynyň hem adyndan Prezident Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.