Telekeçi Ilon Mask ABŞ-da 2026-njy ýylyň noýabr aýynda geçiriljek Kongres saýlawlarynyň öňüsyrasynda Respublikan partiýasyny goldamak üçin azyndan 276 million dollar sarp etdi. The New York Times gazetiniň hasaplamalaryna görä, bu maglumatlary telekeçiniň wekili hem tassyklady.
Gazet 2026-njy ýylyň iýul aýyndan bäri edilen pul peşgeşlerini hasaba aldy. Serişdeleriň ep-esli bölegi Maskyň ýaşaýan we kompaniýalarynyň zawodlarydyr baş edaralary ýerleşýän Tehas ştatynda saýlawçylary ses bermäge çekmek üçin gönükdirildi.
Neşiriň maglumatynda aýdylyşy ýaly, bu peşgeşler Masky häzirki saýlaw möwsüminde syýasy kampaniýalary maliýeleşdirýän iň iri hemaýatkär derejesine çykardy.
2024-nji ýylda Mask Donald Trampyň ABŞ-nyň prezidentligine saýlanmagy ugrunda geçiren saýlaw kampaniýasyny goldamak üçin, takmynan, 290 million dollar sarp edipdi. 2025-nji ýylda Tramp bilen arasyndaky düşünişmezlikler sebäpli, telekeçi syýasy maksatlar üçin berýän pul peşgeşlerini azaltjakdygyny duýdurdy. Soňky döwür bolsa olaryň gatnaşyklary, öňküsi ýaly, ýene-de dostlukly häsiýete eýe boldy.