Buenos-Aýresde taryhy ýoldaşlyk duşuşygy geçirildi. Onda Argentinanyň milli ýygyndysy Benini 3:0 hasaby bilen utdy. Bu duşuşyk Argentina toparynyň kapitany Lionel Messi üçin milli ýygyndydaky iň soňky oýun boldy. Topar iň beýik futbolçylaryň biri bilen dabaraly ýagdaýda hoşlaşdy.

Oýundan öň Messiniň hormatyna meýdançanyň merkezine 10-luk belgili we «Gracias» diýen ýazgyly ägirt uly köýnekçe çykaryldy.
Şeýle-de, duşuşygyň 10-njy minutynda emin oýny ýörite saklady: stadionda feýerwerk atyldy, hemme janköýerler bilen birlikde iki toparyň futbolçylary we tälimçileri hem Messiniň hormatyna el çarpyşdy. Bir minutdan soň diýen ýaly oýun dowam etdi.

Ýöne ýer eýeleri arakesmä çenli hasaby açyp bilmedi. Beniniň milli ýygyndysynyň derwezebany Janjinu Messiniň urgularyna garşy durmagy başardy. Şol bir wagtyň özünde, Benin hem howply hüjümler bilen jogap berdi. Emiliano Martines myhmanlaryň urgularynyň birini yzyna gaýtardy.
Oýnuň ikinji ýarymynda argentinalylaryň hüjümi ahyryny netije berdi. 48-nji minutda Messiniň burçdan beren topuny Nikolas Otamendi derwezäniň göni ýokarky bölegine girizdi.
Ýeri gelende bellesek, Benine garşy geçirilen bu duşuşyk 38 ýaşly goragçy Otamendi üçin hem hoşlaşyk oýny boldy. Ol bu duşuşygyň ilkinji goluny geçireninden soň stadionyň el çarpyşmalary astynda meýdançada başga oýunçy bilen çalşyryldy.
61-nji minutda Niko Pas Leonyň topy geçirmeginden soň hasaby iki esse artdyrdy.
71-nji minutda bolsa 39 ýaşly kapitanyň özi Agustin Hiaýa garşy düzgün bozulma sebäpli berlen 11 metrlik jerime urgyny üstünlikli ýerine ýetirip, hasaba nokat goýdy.

Soňrak ol Nikolas Gonsales topy geçirenden soň dubl hem edip bilýärdi, ýöne Messiniň urgusy sütüniň deňinden geçdi.
Oýun tamamlanandan soň, meýdançada Lionel Messiniň şanyna dabaraly çäre ýaýbaňlanyp, aýdym-saz konserti guraldy. Meýdançada «Hemişelik kapitan» ýazgyly bannerler açyldy.
Soňra Messi hoşlaşyk sözi bilen çykyş edip, bu pursat merhum bolan kakasy Horhe hakda ýatlaýandygyny boýun aldy. Futbolçynyň kakasy uzak dowam eden keselden soň awgust aýynda 68 ýaşynda aradan çykypdy.
«Bu meniň üçin üýtgeşik agşam. Şu gün meni dürli duýgular gaplap alýar, ýöne häzir ilkinji ýatlaýan adamym — kakam. Argentinanyň milli ýygyndysy bilen hoşlaşyk barada aýdanymda, men hiç wagt boýun bolmadym we bu eşik üçin dyrjaşdym. Men milli ýygyndy üçin elimden gelenini etdim. Hemişe göreşdim, janymy orta goýdum, hatda iň agyr döwürlerde hem elimde baryny berdim. 20 ýylyň dowamynda men Argentina üçin güýjümi ýüz göterim sarp etdim».
Çykyşynyň dowamynda Messi ýakynda bolan dünýä çempionaty barada hem ýatlap geçdi. Şol ýaryşda Argentina finalda Ispaniýadan utulyp, ikinji orny eýeläpdi.
«Şu ýyl biz ýeňşe örän ýakyn bolduk, emma... Biz barada ýakymsyz kän zatlaryň aýdylandygyny bilýän. Ýöne bu geň sözler üçin hiç bir esasyň bolmandygyny aýdasym gelýär. Biziň milli ýygyndymyzyň şowsuzlygyny görmek isleýän adamlar bar. Biz olara beýle hezilligi bermeli däldiris... Men 2022-nji ýylyň dünýä çempionatyndaky ýeňşi hemmämiziň nähili baýram edendigimizi ýatlaýaryn. Bu ömürlik ýadymda galar. Goldawyňyz üçin hemmäňize minnetdar. Men siziň baryňyzy gowy görýän» – diýip, Messi sözüniň üstüni ýetirdi.
Soňra ol öz çagalary we aýaly Antonella bilen bilelikde meýdançada hormat aýlawyny geçdi.

Milli ýygyndynyň düzüminde çykyş eden 21 ýylynyň dowamynda (2005-nji ýyldan 2026-njy ýyla çenli) Lionel Messi 208 oýna gatnaşyp, 116 gol geçirdi, 2022-nji ýylyň dünýä çempionatyny, iki sany Amerika kubogyny (2021, 2024) we Finalissimany utdy.
Messi «Altyn top» baýragynyň sekiz gezek eýesi boldy, FIFA tarapyndan üç gezek ýylyň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi, alty gezek ýewropa çempionatlarynyň iň gowy bombardiri hökmünde «Altyn butsyny» aldy, şeýle-de iki gezek dünýä çempionatynyň «Altyn topuny» eýeledi.
Hoşlaşyk duşuşygyndan öň futbolça Buenos-Aýres uniwersitetiniň iň ýokary hormatly derejesi – uniwersitetiň hormatly doktory diýen at berildi.
Argentinanyň milli ýygyndysy bilen hoşlaşsa-da, Messi klub derejesindäki karýerasyny «Inter Maýami» bilen dowam etdirýär. Şonuň üçin janköýerler onuň assistlerini we ajaýyp gollaryny entek görüp biler. Argentinanyň milli ýygyndysynda bolsa indi täze döwür başlanýar.