Lionel Messiniň kakasy aradan çykdy

08.08.2026, 18:2119,298
1 / 4

Lionel Messiniň kakasy we köpýyllyk wekili Horhe Orasio Messi 8-nji awgustda Rosarionyň hassahanalarynyň birinde aradan çykdy. Ol 68 ýaşyndady diýip, «Hola» neşiri habar berýär.

Soňky wagtlarda Horhe Messi agyr kesel sebäpli lukmanlaryň gözegçiligi astynda saklanýardy.

Iki aý mundan öň Argentinanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri onuň aradan çykandygyny ýalňyşyp habar beripdi. Iýun aýynda, dünýä çempionaty dowam edýän wagty bu barada Argentinanyň «Luzu TV» striming hyzmatynyň alypbaryjysy Florensiýa Penýa göni ýaýlymda yglan etdi. Messiniň maşgalasy resmi ýagdaýda çykyş edip, Horhe Messiniň aýatda diridigini, ýöne bejergi alýandygyny tassyklamaly boldy. Ýalňyş maglumat sebäpli uly dawa turansoň, žurnalist zenan hem işinden boşadylypdy.

Horhe oglunyň futbol karýerasynda möhüm orun eýeleýärdi. Lionel dünýä belli bolmazyndan ozal Horhe metallurgiýa zawodynda işleýärdi we ýerli höwesjeňler klubunda çagalara tälim berýärdi. Ol dört ýaşly Lioneli hut şol ýere getireninde onuň ukyp-başarnygyny aňýar we oglunyň ilkinji tälimçisi bolýar.

Oglanjykda ösüş gormonynyň ýetmezçilik edýändigi bilnende ýerli klublar Lionel üçin gymmat bahaly bejergini tölemekden ýüz öwürýärler. Şonda Horhe ogly bilen Ispaniýa göçmegi ýüregine düwýär. Ol «Barselona» bilen gepleşikleri geçirýär, netijede (şol rowaýata öwrülen kagyz süpürgiçde) Lioneliň ilkinji şertnamasy baglaşylýar.

Soňlugy bilen Horhe oglunyň agenti we esasy maslahatçysy bolup galdy, onuň maliýe we iş meseleleri bilen meşgullandy.

Lionel ahyryna çenli kakasy bilen ýakyn aragatnaşyk saklady. 21-nji iýulda futbolçy aýaly Antonella we üç çagasy bilen agyr keselli kakasynyň ýanynda bolmak üçin Argentina dolanyp bardy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.