Prezident Donald Tramp ABŞ-da «Emeli aň güýçleriniň» (AI Force) dörediljekdigini we emeli aňyň ösdürilmegine gözegçilik etjek ýörite ýolbaşçy (AI tsar) bellejekdigini mälim etdi.
Amerikanyň syýasy durmuşynda we metbugatynda «tsar» (ýa-da czar) sözi «patyşa» diýmegi aňlatman, eýsem prezident tarapyndan belli bir pudagy dolandyrmak ýa-da onuň işini utgaşdyrmak üçin bellenilýän ýokary derejeli wezipäni aňlatmak üçin ulanylýar. Bu ýeke-täk kanuny derejesi bolan özbaşdak resmi wezipe däl. Onuň ygtyýarlyklary bellenen adamyň wezipesine baglylykda kesgitlenýär.
Tramp sosial ulgamlarynda özüniň administrasiýasynyň emeli aňyň ösüşine «hiç hili päsgel bermejekdigini ýa-da ony çäklendirmejekdigini» ýazdy.
Şeýle hem ol emeli aň bilen bagly töwekgelçiliklerden goranmagyň has netijeli usullary döredilýänçä, tehnologiýanyň ösüşini haýallatmak baradaky çagyryşlary ret etdi.
«Emeli aň — indiki senagat öwrülişigi ýa-da internet ýaly bir zat, ýöne onuň täsiri has-da uly bolar. Ol ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň 25 göterimine çenli bölegini emele getiräýmegem ahmal» diýip, prezident ýazdy.
Tramp ABŞ-nyň emeli aň pudagynda Hytaýdan öňde bolmagyny dowam etdirmegini isleýändigini aýtdy. «Emeli aň güýçleri-de» hut şu maksat bilen dörediler. Ol bu başlangyjy Kosmos güýçleriniň döredilmegi bilen deňeşdirdi:
«Şu maksat bilen, ilkinji prezidentlik möhletimde uly üstünlik gazanan Kosmos güýçlerini döredişim ýaly, “Emeli aň güýçlerini” hem döredýärin. Şunuň bilen baglylykda, ýakyn wagtda emeli aň boýunça “tsary” hem yglan ederin. Munuň üçin diňe ýokary IQ-li adamlar arza tabşyrsyn!».
Prezident meýilnamany durmuşa geçirmegiň şertlerini-de, möhletlerini-de aýan etmedi. Şol bir wagtda ol administrasiýanyň emeli aňy bikanun maksatlar üçin ulanýanlary jogapkärçilige çekmek üçin häzirki jenaýat we raýat kazyýet ulgamyny ulanjakdygyny duýdurdy.
Tramp emeli aň bilen bagly bolup biljek howplar barada ýaýraýan howsalaly maglumatlary we tankytlary ýene-de «warsaky» diýip atlandyrdy.