Tramp Atlantik ummanyna öz adyny dakjak boldy, emma Google razylaşmandyr

Düýn, 17:126,082

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Google kompaniýasynyň ýolbaşçylaryna Atlantik ummanynyň adyny üýtgetmek haýyşy bilen ýüz tutdy. Emma onuň haýyşy kanagatlandyrylmady. Bu barada The Guardian neşiri habar berýär.

Google kompaniýasynyň baş direktory Sundar Piçai bilen telefon arkaly söhbetdeşligi barada Prezidentiň özi Günorta Karolina ştatynda geçirilen mitingde gürrüň berdi.

«Maňa diňe iki umman — Atlantik hem-de Ýuwaş ummanlary ýaraýar. Men bu ikisinden başga hiç bir ummana Trampyň ýa-da Amerikanyň adyny dözemok. Şonuň üçin Atlantik ummanynyň adyny üýtgetmek meselesine biz çynlakaý garadyk. Men Google Maps-e jaň etdim, olar köl bilen bagly meseläni örän gowy çözdi... Olar aýlag bilen bagly wakadan soň hem özlerine gelip bilenoklar. Men Sundara: “Indi Atlantik ummany barada pikir edýän” diýdim» diýip, Tramp gürrüň berdi.

Prezidentiň aýtmagyna görä, Piçai bu haýyşy ýerine ýetirmekden kes-kelläm ýüz öwrüpdir.

«Ýok, ýok, ýok. Bu gezek beýdip bilmerin... Ummanlar başga mesele, jenap Prezident. Olar köp ýurtlaryň kenarlaryny ýuwýar. Haýyş edýärin, bizden muny soramaň» diýip, Tramp Google-yň ýolbaşçysynyň jogabyny beýan etdi.

Şondan soň Tramp bu pikirinden dänip, ummanyň adyny Atlantik ummany hökmünde galdyrmak kararyna gelendigini aýtdy.

Google mundan öň amerikan lideriniň talaby boýunça geografik atlary iki gezek üýtgedipdi. 2025-nji ýylyň fewralynda Meksika aýlagy Amerikanyň aýlagy diýlip atlandyryldy. Täze at kartalarda diňe ABŞ-daky ulanyjylara görkezilýär. 2026-njy ýylyň awgustynda bolsa Ontario kölüniň ady Amerika köli diýlip üýtgedildi. ABŞ-nyň ýaşaýjylary kartada täze ady, kanadalylar bolsa öňki ady görýärler. Beýleki ýurtlardaky ulanyjylara bolsa iki at hem görkezilýär.