19-njy oktýabrda Samarkant şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretary Marko Rubionyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar berýär.
Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça amala aşyrylýan tagallalara oňyn baha berdi. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň noýabr aýynda Waşington şäherinde geçirilen «C5+1» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň Sammitiniň bilelikdäki tagallalary berkitmekde hem-de özara gatnaşyklary ösdürmekde möhüm tapgyr bolandygy aýratyn bellenildi.
Hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek we pugtalandyrmak maksady bilen, taraplar türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyna täze itergi bermäge gönükdirilen öňde boljak möhüm duşuşyklaryň we syýasy geňeşmeleriň tertibini kesgitledi.
Gepleşiklere ABŞ-nyň Prezidentiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, ilçi Serjio Gor hem gatnaşdy.