Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda ýurduň oba hojalygynda alnyp barylýan möwsümleýin işler, baýramçylyga görülýän taýýarlyk we sebitlerdäki gurluşyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bäş welaýatyň häkimleri oba hojalygynda alnyp barylýan möwsümleýin çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, sebitlerde pagta ýygymy dowam edip, ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak hem-de kabul ediş harmanhanalarynda we kärhanalarda bökdençsiz kabul etmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Şol bir wagtda bugdaý ekişi agrotehniki möhletlerde dowam etdirilip, ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş we ösüş suwy tutulýar, gögeriş alnan ýerlerde ideg etmek işleri we haşal otlara garşy göreş çäreleri geçirilýär.
Mundan başga-da, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly hasylyny ýygnamak, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyryna ideg etmek we ýygym möwsümine taýýarlanmak işleri alnyp barylýar. Şeýle hem önüm öndürijiler bilen hyzmat ediji kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmäge aýratyn üns berilýär.
Şonuň bilen birlikde, häkimler oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli welaýatlarda geçiriljek dabaraly çärelere görülýän taýýarlyk hem-de Oba milli maksatnamasyna we ykdysady ösüş meýilnamalaryna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek, bugdaý ekişini we gögeriş suwuny tutmak çärelerini öz wagtynda geçirmek, şaly hasylyny we gant şugundyryny ýygnamak möwsümlerine gowy taýýarlyk görmek barada anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutany Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere hem guramaçylykly taýýarlanmagy, özara hasaplaşyklary wagtynda geçirmegi we ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň gurluşyk işleriniň ýokary hilli hem-de bellenilen möhletlerde tamamlanmagyny berk gözegçilikde saklamagy wise-premýere we welaýatlaryň ýolbaşçylaryna tabşyrdy.