Şu ýylyň noýabr aýynda Türkmenistan Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý şäherinde geçiriljek «Hytaý halkara import EXPO» sergisine milli pawilýony bilen gatnaşar. Ýurduň sergä gatnaşmagy boýunça alnyp barylýan işler barada şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda wise-premýer Nökerguly Atagulyýew hasabat berdi diýip, TDH ýazýar.
Bellenilişi ýaly, serginiň çäginde Türkmenistanyň milli pawilýony guralyp, onda ýurtda öndürilýän giň görnüşli ýokary hilli önümler, söwda-ykdysady hem-de maýa goýum mümkinçilikleri, şeýle hem türkmen halkynyň milli-medeni mirasy giňden tanyşdyrylar. Mundan başga-da, çäräniň çäginde Türkmen-hytaý işewürler forumyny geçirmek meýilleşdirilýär.
Ýurduň şeýle iri möçberli halkara sergilerine gatnaşmagy öndürilen harytlary giňden mahabatlandyrmakda we daşary ýurt bazarlarynda ilerletmekde uly ähmiýete eýedir.
Wise-premýer sergä gatnaşmak bilen bagly degişli teklibi döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurtda öndürilýän ýokary hilli önümleri halkara sergilerine çykarmak we giňden tanyşdyrmak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny nygtady. Döwlet Baştutany Hytaýda geçiriljek sergä Türkmenistanyň milli pawilýony bilen ýokary guramaçylyk derejesinde gatnaşmagyny üpjün etmegi wise-premýere tabşyrdy.
9-njy «Hytaý halkara import EXPO» (China International Import Expo, CIIE 2026) sergisi 2026-njy ýylyň 5-10-njy noýabry aralygynda geçiriler. Bu global söwdany ösdürmäge we daşary ýurt kompaniýalaryna giň hytaý bazaryna çykmak üçin platforma döretmäge gönükdirilen iri göwrümli döwlet çäresidir.
Sergi adatça bolşy ýaly Şanhaýdaky Milli sergi we kongres merkezinde (NECC) guralar. Şu ýyl umumy sergi meýdany rekord derejedäki 440 000 inedördül metrden gowrak çägi öz içine alar. Onda dünýäniň, takmynan, 100 ýurdundan we sebitinden 4 000-den gowrak daşary ýurtly gatnaşyjynyň gelmegine garaşylýar.