Serdar Berdimuhamedow Ermenistana bardy

Şu gün, 14:212,343

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Biologik köpdürlülik baradaky Konwensiýasynyň taraplarynyň 17-nji maslahatynyň (COP17) çäginde geçiriljek liderleriň sammitine gatnaşmak üçin Ýerewana sapar bilen bardy. Bu barada THP habar berýär.

Döwlet Baştutanynyň uçary Ýerewanyň Zwartnots halkara howa menzilinde gondy, ol ýerde ýokary derejeli myhmany Ermenistanyň wise-premýeri Mger Grigorýan garşylady.

Ýerewanda liderleriň duşuşygyna Gazagystanyň, Eýranyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň we Täjigistanyň döwlet Baştutanlary, şeýle hem BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş çagyryldy. Gatnaşyjylaryň arasynda halkara guramalaryň ýolbaşçylary, ministrler we tebigaty goraýyş jemgyýetçiliginiň wekilleri hem bar.

BMG-niň Biologik köpdürlülik baradaky 17-nji maslahaty 30-njy oktýabra çenli dowam eder. Ýurtlar ilkinji gezek şeýle maslahatda tebigaty gorap saklamak boýunça halkara maksatnamasyny ýerine ýetirmekde gazanylan umumy ösüşe global derejede baha berer. Bu berlen wadalary netijeler bilen deňeşdirmäge we indiki hereketleri kesgitlemäge mümkinçilik bolar.

Bellenilişi ýaly, 2030-njy ýyla çenli maksat — gury ýeriň we deňiz akwatoriýalarynyň azyndan 30 göterimini saklap galmak, biologik köpdürlüligiň ýitirilmegini bes etmek we zaýalanan ekoulgamlary dikeltmekden ybaratdyr. Şeýlelikde, maslahatyň gün tertibine tebigy çäkleri nädip goramaly, ekoulgamlary dikeltmegi kim maliýeleşdirer we halkara borçnamalaryny hakyky hereketlere nädip öwürmeli diýen meseleler girer.

Ýatlap geçsek, mundan bir gün öň Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjanda Aziýada hyzmatdaşlyk we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri boýunça geňeşiň (CICA) ýedinji sammitine gatnaşyp, ol ýerde birnäçe başlangyçlary öňe sürüpdi.