15-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Filippinleriň Daşary işler departamenti bilen syýasy geňeşmeler geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy ýazýar.
Türkmen wekiliýetine daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, filippin tarapyna bolsa Daşary işler departamentiniň syýasy meseleler boýunça sekretarynyň orunbasary Leo M. Errera-Lim ýolbaşçylyk etdi.
Gatnaşyjylar esasy ünsi syýasy-diplomatik dialogy ösdürmäge, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary berkitmäge gönükdirdi. Şeýle hem halkara guramalaryň, hususan-da, BMG-niň çägindäki hyzmatdaşlyk barada gürrüň edildi.

Taraplar energetika, deňiz ulagy we syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmagyň hem-da akademik alyş-çalyşlary giňeltmegiň mümkinçiliklerine seretdi.
Geňeşmeleriň netijeleri boýunça diplomatlar özara hormat goýmak we iki ýurduň bähbitlerini nazara almak esasynda konstruktiw gepleşikleri hem-de yzygiderli duşuşyklary dowam etdirmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.