«Arçman» şypahanasyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan awtoulaglar sowgat berildi. Ulaglaryň açarlaryny şypahananyň täze bejeriş merkeziniň binalar toplumynyň açylyş dabarasynyň çäginde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow gowşurdy. Bu barada resmi türkmen metbugatynda habar berilýär.
Şa serpaýy «Arçman» şypahanasynyň baş lukmany kabul edip, ýurt ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirdi.

Täze bejeriş merkeziniň binalar toplumynyň açylyşynyň çäginde şypahananyň mejlisler zalynda halkara şahadatnamalary gowşurmak dabarasy hem geçirildi.
Gowşurylan halkara şahadatnamalar:
- ASKIN & CO GmbH we Med-Lab-GmbH kompaniýalarynyň «Arçman» şypahanasynda iň döwrebap lukmançylyk we bejeriş enjamlarynyň üstünlikli gurnalandygyny hem-de ulanmaga berlendigini tassyklaýan Ýokary hil Şahadatnamasy.
- H2S in Balneology Global Initiative kompaniýasynyň şypahana ylmy hyzmatdaşlygy, ylmy barlaglary hem-de kükürt-wodorodly balneologik serişdeleriň kliniki taýdan özleşdirilmegini ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklaýan Resmi hyzmatdaşlyk merkezi hökmünde bellenilendigi baradaky Şahadatnamasy.

- BTL Industries Limited kompaniýasynyň şypahanada halkara ülňülerine laýyk gelýän häzirki zaman fizioterapiýa binýadynyň döredilendigini, BTL tehnologiýalarynyň doly integrasiýa edilendigini tassyklaýan Şahadatnamasy.
- Balneologiýa we klimatologiýa akademiýasy tarapyndan berlen, şypahananyň döwrebaplaşdyrylmagy hem-de açylyşy ugrunda gazanylan üstünlikler we öňdengörüjilikli başlangyçlar üçin Minnetdarlyk Şahadatnamasy.
Dabaranyň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy. Saglygy goraýyş işgärleriniň adyndan Milli Lidere ajaýyp türkmen halysy sowgat berildi.